Gadymy senet — müdimi senet

22 Awgust 2022
523

Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň arasynda müňýyllyklardan gözbaş alýan senedimiz bolan türkmen keçelerine aýratyn üns berilýär. Keçe amaly-haşam sungatyna degişli bolup, ýurdumyzyň ähli künjegine ýaýran müdimi senetdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Altaýdaky Pazyryk depesinden diňe bir türkmen halysy däl, türkmen keçesiniň hem bölekleriniň tapylandygy aýdylýar. Bu bolsa keçe senediniň köküniň has gadymdan gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Annagözel NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.