Owaza örklenen ömür

24 Awgust 2022
537

Dänew etrabynyň Parahat obasynda ýaşaýan, milli mirasymyzyň hem-de taryhymyzyň janköýeri Batyr Abdyllaýewiň öz howlusynda döreden mirashanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşanymyzda Saparmyrat Çaňlyýew bilen dutarymy deň düzüp, onuň hoş owazly aýdymlaryny diňlemek hem-de manyly ömri bilen tanyşmak maňa miýesser etdi.

Saparmyrat bagşy ýüpek ýaly ýumşak häsiýetli adam ekeni. Gojanyň diňe bir hoş owazly aýdymlary däl, eýsem, onuň örän esasly hem-de salykatly söhbetleri-de meniň gursagyma ornaşdy. Onuň babasy Söýün aga tüýdük çalar ekeni. Agasy Annamyrat bolsa ökde gargy tüýdükçi bolupdyr. Obadaşy Ýazjuma bagşa uzak ýyllaryň dowamynda sazandalyk edip gezipdir. Saparmyrat çagalykdan bagşy-sazandalaryň ýanyndan aýrylmandyr. Ilkinji aýdymlaryny öwrenip, agasynyň tüýdügine öz sesini goşupdyr. Bilýän aýdymlarynyň sanyny birneme artdyrandan soň, onda dutar çalmaga höwes döräpdir.

Ören ATAKOW,
Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet merkeziniň bagşylar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy.