Alaja

23 Awgust 2022
946

Mähriban ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetiren çeper el işleriniň, hünäriniň miwesi bolan alajanyň nämedigini bilmeýän ýok bolsa gerek. Alaja akly-garaly sapaklardan örülen ýa-da işilen sapak bag bolup, gelin-gyzlarymyz el işlerinde oňa aýratyn orun beripdirler. Eli çeper, dili şeker gelin-gyzlarymyzyň çekýän keşdelerinde, dokaýan halylarynda, dürli nagyşlarynda alajanyň şekiline hemişe gabat gelmek bolýar. Alajany dürli görnüşli, reňkli sapaklary goşup örüp, togalak we ýasy görnüşde taýýarlamagy başaran ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz gözden-dilden gorasyn diýip, onuň has inçeden nepis örülenlerini çagajyklaryň ellerine, boýunlaryna we düşejikleriniň gyralaryna dakypdyrlar. Ýasy görnüşde taýýarlanan alajany bolsa täze doglan bäbejigi gundamak, şeýle-de sallançak bagy üçin ulanypdyrlar. Alajany gözden-dilden goraýan mukaddes zat hökmünde kabul eden ene-mamalarymyz ony diňe bir çagalaryna, öýlerine, el işlerine dakmak bilen çäklenmän, eýsem, köşejiklerdir taýjagazlaryň-da boýnuna dakypdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň «Saglyk — abatlyk» atly bölümindäki: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar», şeýle-de: «Gadymy döwürlerde-de ak öýleriň dulunda alaja ýüp germelip, şoňa kilim atylyp, sallançak edilipdir» diýen setirleri okanyňda alajany ene-mamalarymyzyň mukaddeslik derejesine ýetirip, tumar hökmünde eý görüp gelendiklerine göz ýetirýärsiň. Alaja bilen baglanyşykly il arasyndan eşiden şu rowaýatymyz okyjylary biparh goýmasa gerek.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.