Gumly obanyň geçmişi

24 Awgust 2022
497

Köýtendag etrabynyň çäginde taryhy-arheologik ýadygärlikleriň birnäçesi hasaba alyndy. Etrabyň Mukry şäherçesiniň demirýol menzilinden 10 kilometr gündogarda Gumdepe taryhy ýadygärligi ýerleşýär. Ony şertli ýagdaýda «nal görnüşli» diýip häsiýetlendirmek bolýar. Ýadygärligiň gündogar böleginde çuň çukur bar. Onuň günortasy we demirgazygy insiz atyzlar bilen gurşalandyr. Diňleriň galyndysy bolan depäniň sudury-da görünýär. Bu depede tapylan köpsanly keramika önümleriniň böleklerini antik döwrüne degişlidir diýip çaklamak bolýar. Keramika önümlerinden başga-da bu ýerden mis teňňeleriň ençemesi tapyldy. Alym-arheolog A.M.Mandelştam öz ylmy işinde tapylan teňňeleriň Kuşan döwrüne degişlidigini ýazýar.

Bu sebitde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň alymlary dürli ýyllarda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler. Gadymy Gumdepe ýadygärligini russiýaly alym-arheologlar A.M.Mandelştam, W.N.Pilipko dagy hem öwrenip, özleriniň ylmy işlerinde giňden beýan etdiler. Gumdepäniň töwereginde geçmişde ilat ýaşapdyr diýmäge doly esas bar. Gum depeleriniň arasynda adamlaryň hojalykda ulanan gurallarynyň, küýzeleriň bölekleriniň tapylmagy muňa şaýatlyk edýär.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.