Türkmen tamdyrynyň gudraty

23 Awgust 2022
481

Türkmeniň dünýä belli ak bugdaýy, ondan önýän mele-myssyk çörek we çörek önümleri, bularsyz gündelik durmuşy göz öňüne getirmek-de mümkin däl. Her bir öýüň howlusyna ýaraşyk berýän tamdyr bolsa keramatyň, mukaddesligiň, agzybirligiň, bolelinligiň nyşany.

Işjanly, zähmetsöýer, merdana, sabyr-takatly halkymyzyň geçmişine, şu gününe nazar aýlanyňda, onuň baý medeni mirasynyň bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň haýsy birini alsaň-da, olar görüm-görelde mekdebidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu ajaýyplyklar, özleriniň döreden senetleri barada gyzykly gürrüňler bermäge döwtalapdylar. Indi, görüp otursak, yhlas bilen döredilen her bir senet durşy bilen sungat eseri eken. Olar bize «Görüň, eşidiň, özüňizden soňkulara-da ýadygär goýuň!» diýip, wesýet eden ekenler.

Amangeldi HOMMAKOW,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.