Milli itşynaslyk mekdebini kämilleşdirmegiň hukuk esaslary

23 Awgust 2022
538

Öý haýwanlary bolan itler halklar arasynda eýesine wepalylyk, tebigy ýagdaýlara çydamlylyk, duýgurlyk, hüşgärlik endikleri bilen ynsanyň ynamdar dosty hökmünde tanalýar. Türkmen halkynda-da örän irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän däplere görä, ynsana mahsus düşbüligi bilen tapawutlanýan ite öý-hojalyk durmuşynda aýratyn orun berlipdir. It öý-ojagyň, töwerek-daşyň goragçysy, üstünlik-rowaçlygyň, rysgal-bolçulygyň alamaty hasaplanýar. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň özüniň syrdaş dostuna, ebedi hemdemine, ýakyn kömekçisine öwren alabaý hem tazy itleriniň ynsan ykbalynda eýeleýän orny, batyrlygy, görgürligi, syzgyrlygy, edermenligi barada halk ertekilerinde, rowaýatlarynda, nakyl-matallarynda giň söhbetler açylýar. Itleriň oba-garalary, süri-goşlary howp-hatara, çylşyrymly pursatlara sezewar bolmakdan halas eden, üstünlik-ýeňişlere goşant eden şöhratly wakalary, kynçylyga duş gelen uly-kiçä görkezen gaýtalanmajak pena-goldawlary hakyndaky ýatlamalar dilden-dile, nesilden-nesle geçip ýaşap gelýär.

Häzirki taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça halkymyzyň itlerde oňat gylyk-häsiýetleri emele getirmek, olara tälim bermekde toplan gadymy tejribelerine esaslanmak, itleriň gymmatly tohumynyň genofonduny kemala getirmek hem köpeltmek, bu ugurda ylmy we tälimçilik işlerini yzygiderli esasda guramak ählumumy we toplumlaýyn häsiýete eýe boldy. Aşgabat şäherinde açylan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi milli itşynaslyk ýörelgelerini dikeltmäge, onuň köpasyrlyk däplerini geljekki nesillere ýetirmäge, daşary ýurtlarda bu ugur bilen gyzyklanýan taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünliklere rowaçlandyrmaga giň ýollary açdy. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde ýöriteleşdirilen tohumçylyk we karantin merkezleriniň işe girizilmegi bilen, arassa ganly tohum itlerine ideg etmek, terbiýelemek, olaryň saglygynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny gazanmak hem-de itleriň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Türkmenistanyň Kanunlary esasynda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany türkmen itşynaslary barada edilýän aladanyň görkezijisi bolup, olary täze üstünliklere galkyndyrdy, şeýle hem it janköýerleriniň buýsanjyny, gujur-gaýratly ýaşlaryň kinologiýa ylmyna bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrdy.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.