"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmen alabaýy – asyrlaryň sungaty

Halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden hem-de häzirki döwre çenli öz milli gymmatlygyny saklap gelen ahalteke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny bilen bir hatarda wepadar dosty hasaplanylýan alabaý iti hem milli gymmatlygymyzyň aýrylmaz bölegidir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, itçilik türkmeniň gadymdan bäri dowam edip gelen sungatydyr. Türkmeniň alabaý iti — eýesine wepadarlygy, garadangaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, türkmen maşgalasynyň goragçysy, çopanyň-çolugyň penakäri ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaý itleri barada ähmiýetli ylmy-barlag maglumatlarynyň çeşmesi bolup durýar. Türkmen halkynyň milli baýlygynyň — türkmen alabaýlarynyň düýpli öwrenilmegine uly goşant goşýar. Köpýyllyk çuňňur saýlawlaryň netijesinde kemala getirilen itleriň bu özboluşly tohumy mähirli gatnaşyklara, söýgä we dostluga aýratyn duýgurdyr. Türkmen halkynyň milli ruhy aýratynlyklary hakyndaky eserleriň giň toplumynyň üstüni ýetiren hormatly Arkadagymyzyň kitabyndan itleriň bu tohumynyň kemala gelşi hem-de ösüşi dogrusyndaky ylmy esasly maglumatlary tapmak bolýar. Bu neşir ylmy maglumatlara laýyklykda ýaşy üç müňden alty müň ýyla çenli wagt bäri adamyň wepaly dosty hasaplanýan alabaýlaryň medeni özboluşlylyklaryny jikme-jik açyp görkezýär.

Kürtekçe – mirasdan bir parça

Her milletiň öz milli gymmatlyklary bar. Türkmen maşgalasynda çaga dünýä inenden oňa geýdiriljek eşikleri ene-mamalarymyz ýagşy arzuwlara laýyk bolan yrymlar esasynda tikipdirler. Oňa çagalar 3 – 4 ýaşaýança geýdirilýän kürtekçäni hem mysal getirmek bolar. Çaga kyrk çileden çykandan soň, oňa tä 3 – 4 ýaşyna çenli kürtekçe, ýelek, kirlik geýdiripdirler. Bu egin-eşiklerde köp sanly üýtgeşmeler bar. Olar gyzlar we oglanlar üçin birmeňzeş bolup, ak reňkli gülli matalardan tikilip, käbirleri ýeňli we tegelek ýakaly köýnekler, käbirleri bolsa, ähli ýeri tikilen göni biçüwli, bir-birine dikligine gurnalyp, arasy ýuka pagtalanan, tegelek ezýakaly çaga eşigi bolan kürtekçelerdir. Çaga kürtekçesi dikligine dürli görnüşli mata bölejiklerinden gurnalyp, içliklenip tikilýär. Ol giňräk bolar ýaly, iki gapdalyna sanjak urulýar, iki egnine üçburç gulak tikilýär. Kürtekçäniň ýakasy egninden oýulyp açylýar ýa-da sag egninden ezýaka görnüşde hem alynýar. Kürtekçäniň gulajyklary elkeşde bilen bezelýär. Şeýle hem ýakasynyň töweregi keşdelenýär. Kürtekçäni şaý-sepler bilen hem bezäp bolýar.

Eneleriň göreldesi — zenanlara ýörelge

Şeýle at bilen şu gün, ýagny 1-nji noýabrda Mary welaýat häkimliginiň  «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde aýdym-sazly dabara bolup geçdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly günleriniň şatlyk-şagalaňyny artdyran terbiýeçilik ähmiýetli bu dabara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi tarapyndan geçirilip, oňa dilleri senaly eneler bilen birlikde dürli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän zenanlar, gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Milli mirasymyz – buýsanjymyz

Şu gün, 1-nji noýabrda Mary welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde «Eneleriň göreldesi – zenanlara ýörelge» atly aýdym-sazly, terbiýeçilik ähmiýetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi tarapyndan guralan bu çärä ak saçly eneler, mähriban gelin-gyzlar gatnaşdylar. Onda  türkmen halkymyzyň baý taryhy, medeni we edebi mirasy, milli medeniýeti, nepis sungaty, özboluşly däp-dessurlary, ýörelgeleri mynasyp beýanyny tapdy.

Dünýä nusgalyk miras

Üstünliklere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz täze eýýamyň taryhyny ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bilen baýlaşdyrýar. Ata-babalardan miras galan milli ýörelgä eýerip, peder ýoluny mynasyp dowam edýän döwlet Baştutanymyz agzybir halkymyz bilen golaýda, ýagny oktýabryň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny döwlet derejesinde uly toý, dabara bilen belledi. Baýramçylygyň çäginde geçen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gulluk itşynaslygy merkeziniň Goňurhan atly alabaýy ýeňiş gazandy. Ýeňiji alabaý — Goňurhany talaba laýyk edip ýetişdiren gulluk itşynaslygy merkeziniň müdiri Ý.Töräýewdir. Goňurhanyň idedijisi bolsa esger G.Aşyrowdyr. Bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýyň eýesine baş baýrak — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag, ýörite medal, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy. Halkymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, agraslylyk, wepalylyk, ygrarlylyk, akyllylyk ýaly häsiýetleri pederlerimizden miras galan arassa tohumly türkmen alabaýynda hem jemlenendir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmen alabaýy» atly gymmatly kitabynda hem-de ajaýyp şygrynda şöhlelendirilen we giňişleýin beýan edilen.

Türkmen tumary

Halkymyzyň milli buýsanjy bolan zergärçilik sungaty ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Türkmen zergärçilik sungaty özboluşly milli aýratynlyga eýe bolup, çeperçilik taýdan tapawutlanýar. Bu babatda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen zenanlarynyň görküne görk goşýan şaý-sepleriň biri hem tumardyr. Tumar halkymyzda gadymdan gelýän ýagşy ynançlara uýlup dakynylýan şaý-sepleriň biridir. Bu nepis bezeg şaýy nesliň örňemegi, perzentleriň köp bolmagy üçin dileg edilip hem dakynylypdyr. Gelin-gyzlarymyz tumary gelşikli dakynmak üçin sitara ýa-da zynjyra düzüpdirler. Has uly tumarlary boýunlaryndan asar ýaly, ýüzi guş gözli kümüş şaýjykly, gaşly, örme zynjyrly şelpeli tumarbagyny örüpdirler. Çaga tahýasynyň depesine, kürtekçesiniň, donunyň arkasyna, egnine kiçijik edilip ýasalan tumarçalary dakypdyrlar. Boýundan asylýan tumaryň ululy-kiçili, aralygy iki gat turbajykly, ýokarsy üçburç görnüşli, aşaky bölegi aralyk bezegli, zynjyrly, şelpeli, düwmeli nepis görnüşi hem bolupdyr. Ýokarsy gulply, ýönekeýden kiçijik edilen görnüşlerini çaganyň tahýasyna, egin-eşigine dakypdyrlar. Ony «tumarça» diýip atlandyrypdyrlar. Şeýle-de tumarlar «çybyk», «bugdaý», «çigildem», «towşankelle», «herrek» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir.

Wepa beren sapa görer

Halkymyzyň taryhy menzilini onuň bilen bilelikde geçip, wepa berip sapasyny-da görýän tebigy dostlarynyň biri gamyşgulak bedew atlary bolsa ýene-de biri arslanpisint alabaýydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bu taryhy dostlaryna goýulýan sarpa has-da belende göterildi. Garaşsyz Watanymyzyň  paýtagty Aşgabatda 29-njy oktýabrda  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi

29-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň II mejlisi geçirildi. Foruma ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar hem gatnaşdylar.

Şu gün Türkmen alabaýynyň baýramy

GADYMY GYMMATLYGYŇ SARPASY Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmen alabaýynyň baýramy biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda dürli çäreler, duşuşyklar geçirilip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň gadyrdan dostuna, mähriban ýoldaşyna öwrülen alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, abraýyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işleri, ýurdumyzda alabaýlary idetmek üçin döredilýän şertler barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Goja taryhda ady bar...

Pederlerimiziň alabaýlary ösdürip ýetişdirmekdäki yhlasy özüniň ajaýyp miwesini beripdir. Şeýlelikde, alabaýlar görnümdarlygy we batyrgaýlygy bilen bir hatarda, ynsanyň wepaly hemaýatkärine öwrülipdir. Bu babatda taryhy maglumatlaryň ençemesi akademik W.I.Sarianidiniň «Marguş. Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi» atly eserinde jemlenipdir. Eseriň tutuş bir bölümi «Öküz we it dini ygtykatlary» diýlip atlandyrylyp, onda itleriň eý görlüp, hut ynsan derejesinde sarpalanandygy hakda şeýle diýilýär: «Dünýä medeniýetiniň hiç birinde-de ite otparazlykdaky ýaly hormat goýulmandyr. Awesta Widewdatynda it adamdan soň ikinji orunda durýar, muňa itler bilen baglanyşykly Marguş ýurdundan tapylan dürli gymmatlyklar şaýatlyk edýär». Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlara degişli Täze we Köne Nusaý parfiýalylaryň esasy şäheri bolupdyr. XIII asyryň birinji çärýeginde ol ýerde hünärmentçilik ösüp, syrçaly we syrçasyz keramiki önümler bilen bir hatarda, farfordan gap-gaçlary ýasamak giňden ýola goýlupdyr. Şol gap-gaçlaryň ýüzüne-de adam we haýwan şekilleri çekilipdir. Şolaryň içinde Gündogar ýurtlaryna giňden ýaýran ertekilerdir rowaýatlar esasynda çekilen äpet guşlaryň we itleriň şekilleri aýratyn tapawutlanypdyr.

Türkmen alabaýy

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­rip, dün­ýä me­de­ni ul­ga­my­na go­şan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wyn­da türk­men ala­baý it­le­ri aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Gah­ry­man

Nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy

Türkmen halkynyň kämil senetçilik sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolan keşdeçilik gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň kösük barmaklaryndan çykan bu senet kem-kemden kämilleşip, sungat derejesine ýetipdir we gözelligiň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülipdir. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Mämmetweli Keminäniň: «Meniň dilim, seniň eliň hünäri, // nusga bolup galsyn ilden-illere» diýşi ýaly, keşdeçilik sungatymyz nesilden-nesle, asyrlardan-asyrlara geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

«Paýhas çeşmesinden» dür dänelеri

Milli buýsanjymyzyň baýramy

«Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda bolup geçen wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda belläp geçdi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan ajaýyp senäniň – Türkmen alabaýynyň baýramynyň dürli dabaraly çäreleriniň bir-birine ulaşýan häzirki günlerinde biz Arkadagly Serdarymyzyň bu sözleriniň beýik hakykat bolup dabaralanýandygyna bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýandygy Türkmen alabaýynyň baýramynyň şatlyk-şowhunly çäreleriniň tutuş Diýarymyzy gurşap alan günlerinde has-da aýan bolýar. Türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýäde beýgelden gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri saýylýan, edermenligi, wepalylygy, akyllylygy bilen tapawutlanýan meşhur alabaýlarymyzyň şanyna baýram edilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna aýratyn buýsanýan halkdygynyň güwäsidir. 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagynyň özi milli gymmatlygymyza goýulýan hormat-sarpanyň bimöçberdiginiň kepi

Türkmen alabaýlarynyň muşdagy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Döwletmyrat Kürrikow türkmen alabaýlarynyň çyn muşdagydyr. Ol eýýäm onlarça ýyllardan bäri alabaýlary ýetişdirip gelýär. Onuň ýetişdiren alabaýlary dürli derejeli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bilşimiz ýaly, türkmen alabaýlary diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem dürli bäsleşiklerde, sergilerde tapawutlanýarlar. Şu ýerde olardan bellilerini ýatlamak ýerlikli bolsa gerek: 1991-nji ýylda Doneskde Akguş hem-de ogly Bürgüt Kawkazdan getirilen itler bilen bäsleşip, ýeňiji bolýar. 1992 – 1993-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempiony bolan Töhmet hem halkara sergilerinde tapawutlanmagy başarýar. 1997-nji ýylda Moskwada geçirilen gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolýar. Şol ýyl Körgaplaň diýen alabaý Moskwada Kawkazyň çempionyndan üstün çykýar. Akguş 1991-nji ýylda Russiýada geçirilen gözellik sergisinde 1-nji ýeri eýeleýär. Şonda-da türkmen alabaýynyň ülňüsi ýazylýar. 2004-nji ýylda Döwletmyrat Kürrikowyň Arlaň atly alabaýy Türkmenistanyň poçta markasyna çykan ilkinji türkmen alabaýy bolýar.

Öý muzeýine gezelenç

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap kitaphanasynyň guramagynda etrap Çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünärinden bilim alýan okuwçylarynyň Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň Alili obasynda ýerleşýän öý muzeýine gezelenji guraldy. Okuwçylar ol ýerde halypa bagşynyň durmuşyna degişli dürli gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Gezelenç ýaş zehinleri milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran halypa bagşynyň nusgalyk ýol-ýörelgesini dowam etmäge ruhlandyrdy.

Wepasy hikmetdir, mertligi — nusga

Ýene sanlyja günlerden ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Türkmen alabaýynyň güni hakyndaky oýlanmalar meni seýwançy pederlerimiz, aw tazylarydyr elguşlary bilen aw eden ata-babalarymyz, öý-ojagy, bütin obany, galyberse-de süri maly gorap bilen alabaý itlerimiz hakynda okanlarymy ýadyma saldy. Halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy mukaddeslik derejesine ýetirip sarpalandygyny hemmämiz bilýäris. Şolaryň içinde saçagyň, tamdyryň, dutardyr gyjagyň, bedew atymyzdyr alabaýlarymyzyň bolmagy, olaryň sungat derejesinde kämilleşdirilip, nesillerimize ýetirilendigi buýsandyryjy hakykat. Gadym döwürlerde «It geldi — gut geldi», «Döwletliniň iti ýatmaz», «Egri ärden dogry it ýagşy» ýaly nakyllar döreden ata-babalarymyz türkmen alabaýynyň juda mert, duýgur hem syzgyr bolandygyny bu nakylyň üsti bilen äşgär edipdirler. Sebäbi kerweniň gelip ýetmeginiň bir gün öňünden obanyň alabaýlary  şol tarapa bakyp,  üýrüp başlapdyrlar. Pederlerimiziň synçy nazaryndan sypmadyk bu waka türkmen alabaýlarynyň syzgyrlygynyň, duýgurlygynyň güýçlüdigini subut edýän nakyllaryň, hikmetli hekaýatlaryň döremegine getiripdir. Alabaý itlerine diňe bir syzgyrlyk däl-de, eýsem, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň mahsusdygyny okan maglumatlarym subut edýär. Agyr sürini möjeklerden goramakda çopanyň ýakyn kömekçisi bolan alabaýlaryň mertligi, gaýduwsyzlygy taryplanmaga mynasypdyr. Ala

Milli buýsanjymyz

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz ähli babatda ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda halkymyz agzybir, parahat durmuşda ýaşaýar. Asly bäş müň ýyllyk taryhy ýoly bolan halkymyz özüniň döreden milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, alabaýlary we tazylary, saryja goýunlary, arwana düýeleri bilen dünýä bellidir. Şol milli gymmatlyklarymyzyň içinde türkmen alabaýlarynyň mynasyp orny bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär. Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe bolmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň bitiren işleri bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen alabaýy» atly kitabynda «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip belleýär. Hakykatdan-da, halkymyzyň «At — myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimleri olaryň  bedewlerinde myradyny, alabaýlarynda bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Sebäbi halkymyzyň wepaly dost we ynamdar syrdaş hasaplap gelen alabaýlaryň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda, onuň örän w

Ynamdar hemra

Gahryman Arkadagymyz halkymyza gaýduwsyz alabaýlarymyza bagyşlap ýazan «Türkmen alabaýy» atly kitabyny peşgeş berdi. Bu ajaýyp kitapda türkmen tebigatynyň gözelligi bolan, halkyň milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýynyň görnüşleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. Kitap ajaýyp suratlar bilen bezelipdir. Türkmen alabaýy biziň milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Asyrlara ser salanyňda, kynçylykly ýyllarda obalarda itler örän kösenipdirler. Ýöne olar nähili kynçylyk çekseler hem eýesiniň malyna birjigem göz gyzdyrmandyrlar. Olar hak eýesini emgenmän tanapdyrlar. Türkmen alabaýy adamlaryň iň ýakyn wepaly dosty bolup, her bir hojalykda saklanypdyr. Alabaý — Watanmyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljekki nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr. Şeýle hem türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde däl, eýsem,  goňşy döwletlere-de bellidir.

El işleriniň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň «Zenan kalby» žurnaly bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Halkyň Arkadagly zamanasy: hünärli elleriň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan döredijilik bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşyp, bäsleşigiň şertine laýyklykda, ene-mamalarymyzyň çeper el hünäri, onuň döreýiş taryhy, milli aýratynlyklary, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan çeper elli zenanlara goýulýan hormat-sarpa, döredilýän amatly şertler dogrusynda ýazylan makalalary, oçerkleri, hekaýalary, şygyrlary redaksiýa ýolladylar.