Kürtekçe – mirasdan bir parça

1 Noýabr 2022
944

Her milletiň öz milli gymmatlyklary bar. Türkmen maşgalasynda çaga dünýä inenden oňa geýdiriljek eşikleri ene-mamalarymyz ýagşy arzuwlara laýyk bolan yrymlar esasynda tikipdirler. Oňa çagalar 3 – 4 ýaşaýança geýdirilýän kürtekçäni hem mysal getirmek bolar. Çaga kyrk çileden çykandan soň, oňa tä 3 – 4 ýaşyna çenli kürtekçe, ýelek, kirlik geýdiripdirler. Bu egin-eşiklerde köp sanly üýtgeşmeler bar. Olar gyzlar we oglanlar üçin birmeňzeş bolup, ak reňkli gülli matalardan tikilip, käbirleri ýeňli we tegelek ýakaly köýnekler, käbirleri bolsa, ähli ýeri tikilen göni biçüwli, bir-birine dikligine gurnalyp, arasy ýuka pagtalanan, tegelek ezýakaly çaga eşigi bolan kürtekçelerdir.

Çaga kürtekçesi dikligine dürli görnüşli mata bölejiklerinden gurnalyp, içliklenip tikilýär. Ol giňräk bolar ýaly, iki gapdalyna sanjak urulýar, iki egnine üçburç gulak tikilýär. Kürtekçäniň ýakasy egninden oýulyp açylýar ýa-da sag egninden ezýaka görnüşde hem alynýar. Kürtekçäniň gulajyklary elkeşde bilen bezelýär. Şeýle hem ýakasynyň töweregi keşdelenýär. Kürtekçäni şaý-sepler bilen hem bezäp bolýar.

Aýnabat SAPAROWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.