Türkmen alabaýlarynyň muşdagy

28 Oktýabr 2022
486

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Döwletmyrat Kürrikow türkmen alabaýlarynyň çyn muşdagydyr. Ol eýýäm onlarça ýyllardan bäri alabaýlary ýetişdirip gelýär. Onuň ýetişdiren alabaýlary dürli derejeli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Bilşimiz ýaly, türkmen alabaýlary diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem dürli bäsleşiklerde, sergilerde tapawutlanýarlar. Şu ýerde olardan bellilerini ýatlamak ýerlikli bolsa gerek: 1991-nji ýylda Doneskde Akguş hem-de ogly Bürgüt Kawkazdan getirilen itler bilen bäsleşip, ýeňiji bolýar. 1992 – 1993-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempiony bolan Töhmet hem halkara sergilerinde tapawutlanmagy başarýar. 1997-nji ýylda Moskwada geçirilen gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolýar. Şol ýyl Körgaplaň diýen alabaý Moskwada Kawkazyň çempionyndan üstün çykýar. Akguş 1991-nji ýylda Russiýada geçirilen gözellik sergisinde 1-nji ýeri eýeleýär. Şonda-da türkmen alabaýynyň ülňüsi ýazylýar. 2004-nji ýylda Döwletmyrat Kürrikowyň Arlaň atly alabaýy Türkmenistanyň poçta markasyna çykan ilkinji türkmen alabaýy bolýar.