Wepasy hikmetdir, mertligi — nusga

27 Oktýabr 2022
491

Ýene sanlyja günlerden ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Türkmen alabaýynyň güni hakyndaky oýlanmalar meni seýwançy pederlerimiz, aw tazylarydyr elguşlary bilen aw eden ata-babalarymyz, öý-ojagy, bütin obany, galyberse-de süri maly gorap bilen alabaý itlerimiz hakynda okanlarymy ýadyma saldy. Halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy mukaddeslik derejesine ýetirip sarpalandygyny hemmämiz bilýäris. Şolaryň içinde saçagyň, tamdyryň, dutardyr gyjagyň, bedew atymyzdyr alabaýlarymyzyň bolmagy, olaryň sungat derejesinde kämilleşdirilip, nesillerimize ýetirilendigi buýsandyryjy hakykat.

Gadym döwürlerde «It geldi — gut geldi», «Döwletliniň iti ýatmaz», «Egri ärden dogry it ýagşy» ýaly nakyllar döreden ata-babalarymyz türkmen alabaýynyň juda mert, duýgur hem syzgyr bolandygyny bu nakylyň üsti bilen äşgär edipdirler. Sebäbi kerweniň gelip ýetmeginiň bir gün öňünden obanyň alabaýlary  şol tarapa bakyp,  üýrüp başlapdyrlar. Pederlerimiziň synçy nazaryndan sypmadyk bu waka türkmen alabaýlarynyň syzgyrlygynyň, duýgurlygynyň güýçlüdigini subut edýän nakyllaryň, hikmetli hekaýatlaryň döremegine getiripdir. Alabaý itlerine diňe bir syzgyrlyk däl-de, eýsem, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň mahsusdygyny okan maglumatlarym subut edýär. Agyr sürini möjeklerden goramakda çopanyň ýakyn kömekçisi bolan alabaýlaryň mertligi, gaýduwsyzlygy taryplanmaga mynasypdyr. Alabaý itleriniň öz eýesine wepalylygy, edermenligi hakyndaky maglumatlary hem näçe diýseň tapsaň bolýar.

Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».