Goja taryhda ady bar...

29 Oktýabr 2022
578

Pederlerimiziň alabaýlary ösdürip ýetişdirmekdäki yhlasy özüniň ajaýyp miwesini beripdir. Şeýlelikde, alabaýlar görnümdarlygy we batyrgaýlygy bilen bir hatarda, ynsanyň wepaly hemaýatkärine öwrülipdir. Bu babatda taryhy maglumatlaryň ençemesi akademik W.I.Sarianidiniň «Marguş. Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi» atly eserinde jemlenipdir. Eseriň tutuş bir bölümi «Öküz we it dini ygtykatlary» diýlip atlandyrylyp, onda itleriň eý görlüp, hut ynsan derejesinde sarpalanandygy hakda şeýle diýilýär: «Dünýä medeniýetiniň hiç birinde-de ite otparazlykdaky ýaly hormat goýulmandyr. Awesta Widewdatynda it adamdan soň ikinji orunda durýar, muňa itler bilen baglanyşykly Marguş ýurdundan tapylan dürli gymmatlyklar şaýatlyk edýär».

Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlara degişli Täze we Köne Nusaý parfiýalylaryň esasy şäheri bolupdyr. XIII asyryň birinji çärýeginde ol ýerde hünärmentçilik ösüp, syrçaly we syrçasyz keramiki önümler bilen bir hatarda, farfordan gap-gaçlary ýasamak giňden ýola goýlupdyr. Şol gap-gaçlaryň ýüzüne-de adam we haýwan şekilleri çekilipdir. Şolaryň içinde Gündogar ýurtlaryna giňden ýaýran ertekilerdir rowaýatlar esasynda çekilen äpet guşlaryň we itleriň şekilleri aýratyn tapawutlanypdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.