Şu gün Türkmen alabaýynyň baýramy

30 Oktýabr 2022
644

GADYMY GYMMATLYGYŇ SARPASY

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmen alabaýynyň baýramy biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda dürli çäreler, duşuşyklar geçirilip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň gadyrdan dostuna, mähriban ýoldaşyna öwrülen alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, abraýyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işleri, ýurdumyzda alabaýlary idetmek üçin döredilýän şertler barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Ýörite habarçymyz.