Dünýä nusgalyk miras

1 Noýabr 2022
652

Üstünliklere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz täze eýýamyň taryhyny ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bilen baýlaşdyrýar. Ata-babalardan miras galan milli ýörelgä eýerip, peder ýoluny mynasyp dowam edýän döwlet Baştutanymyz agzybir halkymyz bilen golaýda, ýagny oktýabryň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny döwlet derejesinde uly toý, dabara bilen belledi. Baýramçylygyň çäginde geçen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gulluk itşynaslygy merkeziniň Goňurhan atly alabaýy ýeňiş gazandy. Ýeňiji alabaý — Goňurhany talaba laýyk edip ýetişdiren gulluk itşynaslygy merkeziniň müdiri Ý.Töräýewdir. Goňurhanyň idedijisi bolsa esger G.Aşyrowdyr. Bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýyň eýesine baş baýrak — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag, ýörite medal, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Halkymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, agraslylyk, wepalylyk, ygrarlylyk, akyllylyk ýaly häsiýetleri pederlerimizden miras galan arassa tohumly türkmen alabaýynda hem jemlenendir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmen alabaýy» atly gymmatly kitabynda hem-de ajaýyp şygrynda şöhlelendirilen we giňişleýin beýan edilen.

«Türkmen dünýäsi»