Wepa beren sapa görer

31 Oktýabr 2022
591

Halkymyzyň taryhy menzilini onuň bilen bilelikde geçip, wepa berip sapasyny-da görýän tebigy dostlarynyň biri gamyşgulak bedew atlary bolsa ýene-de biri arslanpisint alabaýydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bu taryhy dostlaryna goýulýan sarpa has-da belende göterildi.

Garaşsyz Watanymyzyň  paýtagty Aşgabatda 29-njy oktýabrda  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.

Aşyrmat GARLY,
«Adalat».