Milli buýsanjymyzyň baýramy

28 Oktýabr 2022
570

«Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda bolup geçen wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda belläp geçdi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan ajaýyp senäniň – Türkmen alabaýynyň baýramynyň dürli dabaraly çäreleriniň bir-birine ulaşýan häzirki günlerinde biz Arkadagly Serdarymyzyň bu sözleriniň beýik hakykat bolup dabaralanýandygyna bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýandygy Türkmen alabaýynyň baýramynyň şatlyk-şowhunly çäreleriniň tutuş Diýarymyzy gurşap alan günlerinde has-da aýan bolýar. Türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýäde beýgelden gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri saýylýan, edermenligi, wepalylygy, akyllylygy bilen tapawutlanýan meşhur alabaýlarymyzyň şanyna baýram edilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna aýratyn buýsanýan halkdygynyň güwäsidir. 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagynyň özi milli gymmatlygymyza goýulýan hormat-sarpanyň bimöçberdiginiň kepili boldy. Ak mermerden Aşgabatda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» atly heýkeliň açylmagy hem her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyran waka bolup dabaralandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bolsa türkmen alabaýlarynyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratynyň beýgelmegini üpjün etdi. Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň, Ahal welaýatynda Karantin merkeziniň hem-de paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda türkmen alabaýlarynyň merkezleriniň açylyp, ulanylmaga berilmegi, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlarynyň döredilmegi alabaýlar hakynda döwlet derejesinde edilýän aladanyň bimöçberdiginiň, alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde tutumly işleri alyp barýanlaryň hormat-sarpalarynyň hemişe belentdiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralandy.

Döwran MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.