Türkmen alabaýy – asyrlaryň sungaty

1 Noýabr 2022
519

Halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden hem-de häzirki döwre çenli öz milli gymmatlygyny saklap gelen ahalteke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny bilen bir hatarda wepadar dosty hasaplanylýan alabaý iti hem milli gymmatlygymyzyň aýrylmaz bölegidir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, itçilik türkmeniň gadymdan bäri dowam edip gelen sungatydyr. Türkmeniň alabaý iti — eýesine wepadarlygy, garadangaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, türkmen maşgalasynyň goragçysy, çopanyň-çolugyň penakäri ýaly häsiýetleri özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaý itleri barada ähmiýetli ylmy-barlag maglumatlarynyň çeşmesi bolup durýar. Türkmen halkynyň milli baýlygynyň — türkmen alabaýlarynyň düýpli öwrenilmegine uly goşant goşýar. Köpýyllyk çuňňur saýlawlaryň netijesinde kemala getirilen itleriň bu özboluşly tohumy mähirli gatnaşyklara, söýgä we dostluga aýratyn duýgurdyr. Türkmen halkynyň milli ruhy aýratynlyklary hakyndaky eserleriň giň toplumynyň üstüni ýetiren hormatly Arkadagymyzyň kitabyndan itleriň bu tohumynyň kemala gelşi hem-de ösüşi dogrusyndaky ylmy esasly maglumatlary tapmak bolýar. Bu neşir ylmy maglumatlara laýyklykda ýaşy üç müňden alty müň ýyla çenli wagt bäri adamyň wepaly dosty hasaplanýan alabaýlaryň medeni özboluşlylyklaryny jikme-jik açyp görkezýär.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.