Milli buýsanjymyz

27 Oktýabr 2022
604

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz ähli babatda ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda halkymyz agzybir, parahat durmuşda ýaşaýar. Asly bäş müň ýyllyk taryhy ýoly bolan halkymyz özüniň döreden milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, alabaýlary we tazylary, saryja goýunlary, arwana düýeleri bilen dünýä bellidir. Şol milli gymmatlyklarymyzyň içinde türkmen alabaýlarynyň mynasyp orny bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär. Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe bolmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň bitiren işleri bimöçberdir.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen alabaýy» atly kitabynda «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip belleýär. Hakykatdan-da, halkymyzyň «At — myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimleri olaryň  bedewlerinde myradyny, alabaýlarynda bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Sebäbi halkymyzyň wepaly dost we ynamdar syrdaş hasaplap gelen alabaýlaryň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda, onuň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar bar. Ýurdumyzda taryhy wakalaryň biri bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy, paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» atly heýkeliň dikeldilmegi, «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejäniň berilmegi, şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» hormatly Prezidentimiziň Permana gol çekmegi ýurdumyzda alabaý itlerine goýulýan sarpanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Bu gymmatlygy gorap saklamakda we ösdürmekde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty tarapyndan «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Babajyk BABAJYKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.