El işleriniň dabaralanmasy

27 Oktýabr 2022
1060

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň «Zenan kalby» žurnaly bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Halkyň Arkadagly zamanasy: hünärli elleriň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bäsleşige paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan döredijilik bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşyp, bäsleşigiň şertine laýyklykda, ene-mamalarymyzyň çeper el hünäri, onuň döreýiş taryhy, milli aýratynlyklary, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan çeper elli zenanlara goýulýan hormat-sarpa, döredilýän amatly şertler dogrusynda ýazylan makalalary, oçerkleri, hekaýalary, şygyrlary redaksiýa ýolladylar.