Ynamdar hemra

27 Oktýabr 2022
789

Gahryman Arkadagymyz halkymyza gaýduwsyz alabaýlarymyza bagyşlap ýazan «Türkmen alabaýy» atly kitabyny peşgeş berdi. Bu ajaýyp kitapda türkmen tebigatynyň gözelligi bolan, halkyň milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýynyň görnüşleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. Kitap ajaýyp suratlar bilen bezelipdir.

Türkmen alabaýy biziň milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Asyrlara ser salanyňda, kynçylykly ýyllarda obalarda itler örän kösenipdirler. Ýöne olar nähili kynçylyk çekseler hem eýesiniň malyna birjigem göz gyzdyrmandyrlar. Olar hak eýesini emgenmän tanapdyrlar. Türkmen alabaýy adamlaryň iň ýakyn wepaly dosty bolup, her bir hojalykda saklanypdyr. Alabaý — Watanmyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljekki nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr. Şeýle hem türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde däl, eýsem,  goňşy döwletlere-de bellidir.

Allanazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Türkmenbaşy şäher bölüminiň harby gullukçysy, kapitan.