Ata kesbi (Hekaýa)

21 Mart 2021
817

Säher bilen çäýnegine demlenen guşdyrnak gök çaýdan howlukman keýpini çaglan ýaşuly, seçelenip duran silkme telpegini başyna geýdi-de, ir bilen turup, özi bilen bile garynjygyny doýuran agtygy Kerwenjigi ýanyna alyp, bag ekmegi niýetlän atyzynyň bir gyrasyndan girdi.

Sapardurdy aga Kerwenjigi beýleki agtyklaryndan has eý görýärdi. Belki-de, ol öz çagalygyny ýatladýanlygy üçindir. Her bir iş edende-de, onuň gyzyklanyp, berýän bilesigelijilikli sowallaryna irmezden, dürli tymsallar getirip, jogap bererdi. Kerwen düşbüje oglanjyk. Ol öýde kakasyna kömekleşýär, sypyndygy welin, atasynyň ýanyndan aýrylmaz. Onuň edýän işlerini synlap, öwrenjek bolup, sowal üstüne sowal berýär. Ony mekdepde mugallymlaram gowy görýär. Ähli berlen ýumuşlary dürs ýerine ýetirýär, sapaklara höwesjeň gatnaşýar.

Azat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar