Eziz Diýar – toýa barýar

1 gün öň
12

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara ulaşýar. Bilşimiz ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç, gözlerine çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar. Şöhratly taryhyň gatlaryna nazar aýlasak, agzybirlik we jebislik, berkararlyk we döwletlilik pähimdar pederlerimiziň arzuwy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz döwletlilik ýörelgesini berkarar etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.

Roza NARMAMEDOWA,
Çärjew etrabynyň 63-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar