Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi

3 sagat öň
0

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan binada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyna ýokary derejede aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar