"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sün­nä­li ze­nan — dün­ýä­li ze­nan

Çagakak uly ýaşly aýallaryň «Pylanylar guda bolupdyrlar. Keşde çekip, kürte bejerip oturan gyz alýarlar» diýen sözlerini köp eşiderdik. «Gelniň geldi-geldisi» diýleni. Bu gürrüňler tarypy ýetirilýän şol arzyly gyz tä hak ojagyna gowuşýança, küren obanyň ähli öýünde ýaňlanar. Toý gününe barmak büküp garaşýanlar barada sözem ýok. Her kim kürteçi gyzy görjekden. Ýogsa, ol nätanyş ýerdenem gelmeli däl, obanyň öz gyzydyr. Ýöne näme üçindir obadaşlarymyzyň hamana ol gyzy hut toý gününde görýän ýaly özlerini alyp barmasy çaga dünýäňi gozgalaňa salar. Asyl millet kürteçi gyzyň özüni däl-de, atynyp gelen kürtesini görjek eken. Kän garaşylan günem geler, gelnem geçer öýüň törüne. Toýam sowular. Gelniň atynyp gelen, «nagyşlary gözüň ýagyny iýip barýan» diýilýän «iňňeden çykma» kürtesi hakyndaky gürrüňler welin, asyl-asyl sowulaýmaz. Ol hamana bakylyk mukamy ýaly, obanyň içinde ýaňlanar durar, ýaňlanar durar. Türkmen gelin-gyzlarynyň sünnäläp bejerýän kürteleri baradaky rowaýata çalymdaş kyssalar ýöne ýerden döremeýär. Sebäbi gyzyl çog kürtelerde manysyny tirip bolmaýan, emma gözelligi bilen gözüňi, kalbyňy dokundyrýan dünýä bar, ykbal bar. Edil türkmen halysy ýaly, gyrmyzy haly bilen gyrmyzy kürtäni synlanyňda, biri çitimde, beýlekisi sanjym bilen ýerine ýetirilen bitewi sungat göz öňüňde janlanýar. Hatda olara siňdirilýän zähmetem, hysyrdam, zenan dünýäsiniň gözelliginden, çeperliginden,

Ga­dy­my na­gyş­lar — medeni mirasymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmäge, onuň deňsiz-taýsyz ähmiýetli taraplaryny ýüze çykarmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, keşde nagyşlaryň ählitaraplaýyn syrlaryny öwrenmäge bolan şertler ýeňilliklere ýol açýar. Geçmişde nagyşlaryň, gölleriň her biriniň ähmiýeti uly hadysa bolupdyr. Birnäçe halklaryň döreden gymmatlyklarynyň, şeýle-de türkmen halkynyň döreden nagyş-keşdeleriniň gözbaş alýan ojaklary we olaryň nusgalyk bolup ýaýran ýurtlaryny karta esasynda hem görkezmek örän täsirli. Nagyşlarda matematiki, geografiýa, taryh, biologiýa, geometriýa, himiýa ylymlara degişli köp maglumatlar alyp bolýar. Şonuň üçin hem nagyşlar ylymlary we onuň ähmiýetli taraplaryny özünde jemleýär diýip aýtmak bolýar. Türkmen nagyşlary halkymyzyň ruhy we maddy baýlygydyr. Nagyşlaryň gelip çykyşy rowaýatlara esaslanýar. Şol rowaýatlar halkymyzyň gadymyýetde döreden ruhy we medeni baýlygynyň çäksizdigini görkezýär.

Geçmişiň şöhratly – geljegiň bagtly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär, şeýle hem şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklar birek-biregi goldamak, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däpleri döwrebap derejede kämilleşdirýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymma

Küşt oýnamaga-da ökdedi...

«Wagtyň salymy ýok» diýleni. Belli artist hem kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» atly çeper filmine ilkinji gezek tomaşa edenimiz düýn ýalydy. Görüp otursam, ondan bäri ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Filme tomaşa etmäge gelen obadaşlarymyz Medeniýet öýüne sygmansoň, daşarda ak diwarlyk asdylar. Film diwarlykda peýda bolandan obadaşlarymyz: «Wiý, bu-da Merediň aty», «Ol asyl obadaşymyz ýaly-la» diýip seslendiler. Olaryň göçgünli seslerinden bu filmde obadaşymyz Meret aganyň atynyň hem ýene bir obadaşymyzyň köpçülik sahnalarynda surata düşürilendigini çaklamak bolýardy.

Herekmaýa

Sag eliň we çep eliň başam barmaklaryny birikdirip, edil şonuň ýaly külbike barmaklaram birikdirip, beýleki barmaklary biri-biriniň içinden geçirip ýatyrsaň, ol çöküp oturan düýä meňzeýär. Oglankak garry enem barmaklaryny şu hili edip şeýle diýerdi: — Herekmaýa münjekmi?Çopana çörek eltjekmi?Öňüňden alaja-mulaja pişik çyksa gorkjakmy, gorkjak däl?

Çelpek syrmak

Türkmen halkymyz şahandazlygy, sahylygy, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Muňa biz ata-babalarymyzdan miras galyp, biziň günlerimize gelip ýeten däp-dessurlarymyzdan, edim-gylymlarymyzdan göz ýetirip bilýäris. Sahylyk, çäksiz ruhubelentlik bilen tutulýan türkmen toýlarynyň şowhunyny artdyrmak maksady bilen dürli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär. Toý başlananda saçaklyk taýýarlanylýar. Saçaga bolsa ilki ýukajyk çelpekler salynýar. Çelpegi ökde gyz-gelinler, gartaşan eneler üýşüp, degişmedir ýomak, läledir ýar-ýar aýdyşyp ýapýarlar. Çelpek bugdaý unundan hamyr edilip, ýukajyk ýaýylyp, bir tarapa gyşardylyp goýlan gazana ýag çalnyp, iki tarapy gyzarandan soň, biri-biriniň üstüne goýulýar. Ýapylyp duran çelpekleriň üstüne toşap çalyp, künji sepilýär. Çelpek ýapylýan şüweleňli pursatlarda ýaş oglanlar, çagalar çelpegi gazandan syryp alyp gaçýarlar. Muňa çelpek syrmak diýilýär. Toý eýesi gazanyndan çelpegini bir saparam «ogurlatmadyk» çelpek ýapýan zenana halat-serpaý edipdir.

Humdan

Geçmişde külalçylyk sungaty bilen meşgullanan pederlerimiz gündelik durmuşda ulanylýan küýzeleriň dürli görnüşlerini ýasapdyrlar. Çig mal üçin ýörite arassa toýunly ýerler saýlanyp alnypdyr. Toýnuň alynjak, bişiriljek, taýýar önümiň saklanyljak ýerleri barada öňünden alada edilipdir. Ýörite küýze bişirilýän humdanlar bolupdyr. Alym-arheologlar ylmy işlerinde olaryň ýasalyş aýratynlyklarynyň bolandygy barada giňişleýin belläp geçýärler. 2005-nji ýylyň güýzünde Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän Ödeýdepe arheologiýa ýadygärliginiň 750 metr gündogaryndaky ekin meýdanyndan tapylan humdan Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan öwrenildi. Olar onuň küýze önümlerini bişirmek üçin niýetlenen ojakdygyny anykladylar. Humdan seýrek duş gelýän gymmatlyk bolup, Ödeýdepe galasynda ýaşap geçen ilatyň medeni derejesini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmen ili bir suprada jem bu gün

Magtymguly Pyragy goşgularynyň ruhy owazyny halkyň ruhy dünýäsi bilen bitewüleşdirmegi başarandygy üçin öz döwrüniň iň arzyly zehinine öwrülipdir. Aslynda, adamlaryň islegleriniň bitewüleşmegi, märekäniň, il-günüň derejesine laýyklaşmagy döwürden Magtymguly ýaly ýiti zehinli akyldar şahyryň döremegini talap edipdir diýsegem, ýalňyşmarys. Islegleriň, arzuwlaryň bitewüleşmegi bolsa il-halk, millet derejesindäki kämilligi emele getiripdir. Akyldar şahyrymyz goşgularynda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin, zerur bolan ahlak ýörelgelerini dabaralandyrypdyr. Ýagşy bilen ýamanyň, baýlyk bilen garyplygyň, mertlik bilen namartlygyň, gysgançlyk bilen sahylygyň, husytlyk bilen jomartlygyň, halallyk bilen haramlygyň, günä bilen sogabyň, haýyr bilen şeriň arasyny açmaga kömek edýän sagdyn pikirleri halka düşnükli bolan sada sözler arkaly beýan etmegi başarypdyr. Şeýle häsiýetler dogrusynda söhbet açýan goşgularyň muşdaklarynyň artyp ugramagy bolsa, eýýäm döwlet gurmaga ruhy taýdan taýýar bolan jemgyýeti emele getirip ugrapdyr.

Edeplini il tanar

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen ündewi pederlerimiziň edep-terbiýe hakyndaky tagallalaryndan gözbaş alýar. Türkmençilikde perzent terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmek  gursagymyza guýlan mizemez ýörelgedir. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir» diýipdir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyz edep-terbiýe bermek işine örän oýlanyşykly çemeleşipdirler. Olar ýaş nesli diňe şu döwür üçin däl-de, eýsem, geljek döwürleri hem göz öňünde tutup terbiýeläpdirler. Mälim bolşy ýaly, bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly terbiýeçilik ähmiýetli kitabynda hem düýpli söhbetler edilýär.

Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň şanyna

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meýilleşdirilen çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 9 — 17-nji marty aralygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen topar Ispaniýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde 10-njy we 13-nji martda türkmen wekilleri bilen golýazma ýadygärlikleriniň, seýrek kitaplaryň, arhiw maglumatlarynyň jemlenen merkezi Granada Arap dilli golýazmalar ylmy-barlag merkezinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 10-njy martda Granada şäherinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Türkmen desterhanynyň başyndaky çykyşlarda ussadyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, edebi mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllarda türkmen we ispan alymlarynyň hyzmatdaşlygynda şahyryň eserleriniň terjimesi boýunça bitirilen işler, döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Onuň türkmen we ispan dillerindäki şygyrlary okaldy.

Baharyň, barlygyň, bagtyň baýramy

Tebigatyň janlanmagynyň, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, ynsanlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň nyşany bolan Nowruz halkymyzyň iň gadymy baýramçylyklarynyň biridir. 21-nji martda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Watanymyzyň çar ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar hem ýurdumyzyň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň, parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmasynyň nyşanyna öwrüldi. Mähriban halkymyzyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. Toý lybasyna beslenen «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk mynasybetli milli däp-dessurlarymyzy hem-de durmuşymyzy şöhlelendirýän türkmen obasy döredildi. Gadymy däplerimize eýerilip, baýramçylygyň geçirilýän ýerinde gurnalan owadan bezelen hiňňildikler, köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanan aýdym-sazlar giň ýaýlany şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwürdi.

Kerem-keramatly jadyly sungat

Owadan bezelen toý kejebesi «Bagt köşgüniň» öňünde saklandy. Ondan seýkin basyp düşen başy gyzyl kürteli gelin dähedem-dessemläp ýöräp ugrady. Şol pursat synçy nazarymyz owadan nagyşlar bilen bezelen gelin kürtesinde eglendi. Ajaýyp keşdeleri bilen gül-gülälekli bahar paslyny ýatladýan gyzyl kürtäniň älemgoşar öwüşgini gözüňi gamaşdyryp barýardy. Gyzyl kürteli gelin baharyň gül-gülälekli ajaýyp bir gününi özi bilen alyp barýan ýalydy. Hakykatda, ol bu gözellik bilen birlikde ene-mamalarymyzyň syrly dünýäsini-de alyp barýardy. Gelin kürtesiniň her bir nagşyna, her bir keşdesine siňen ol syrly dünýä giňdi hem geňdi, dowamly hem bakydy. Gadymyýetden gözbaş alyp, nagyşlarda, keşdelerde ýaşaýan ol syrly dünýä ýyllar geçip, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten, gözellikde deňsiz-taýsyz milli gymmatlygymyzdyr. Şeýle gymmatlyklaryň biri Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň sünnäläp bejeren ajaýyp kürtesidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýini bezeýän bu milli gymmatlyk özüniň asyl durkuny, reňkini saklap, ýüpek sapaklarynyň altyn öwüşgini bilen göreni haýran edýär. Eziz Diýarymyza daşary ýurtlardan myhman bolup gelenler hem asyrlaryň şaýady bolup oturan, türkmen zenanynyň jadyly elleriniň gudraty bilen dörän bu gözelligi synlap, haýran galýarlar. Ogulabat ejäniň öz baldyzyna niýetläp, inçelik bilen, söýgi,

Gadymyýetden gözbaşly Nowruz

Nowruz baýramyny türkmenler has irki döwürlerde hem, beýleki halklar ýaly, şatlyk-şowhunly belläpdirler. Halkymyz bu baýramy milli baýram hökmünde şeýle häsiýetlendirýär. Taryhy maglumatlara görä, Oguz han dünýä gelende, baglar gül açyp, daragtlar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Dünýä ýüzüne gudratly şowhun ýaýraýar. Ençeme ýyllardan soň edil şol möwsümde Oguz han Türkmen duşmanlaryny ýeňip, Talas şäherinden Buhara şäherine çenli aralygy eýeleýär. Şondan soň ýeňşiň hormatyna, her ýyl şol günde dabaraly baýram edilip, ýörite däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Şol güne «Oguz gün» diýip, at beripdirler. Taryhdan mälim bolşy ýaly, pasyllaryň ählisi älem giňişligindäki saýýaralaryň hereket kanunlary, tebigat hadysalary bilen häsiýetlendirilip, pasyllaryň döreýşi Ýeriň, Aýyň, Günüň ýyllyk hereketlerine görä kesgitlenilip, gadymy döwürlerde Aýyň, Günüň aýlanyş hereketlerine esaslanyp ýylnamany (kalendary) döredipdirler. Tebigatyň janlanmagy, ýaş bugdaýy ösdürip ýetişdirmek hasyllylygyň nyşany hasaplanypdyr.

Aty baryň ganaty bar

Köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen bütin dünýäni haýran edýän behişdi bedewlerimiz hakda edilýän tagallalar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna eýe bolýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi, Arkadag şäheriniň merkezinde Akhan bedewiniň heýkeliniň ýerleşdirilmegi, Ahalteke atlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenmegi hem-de ýurdumyzyň çar ýanynda täze atçylyk toplumlarynyň gurulmagy muňa aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 22-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşigine Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkeziň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamagyň tabşyrylmagy bolsa behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek ugrundaky asylly işleriň üstüni ýetiren çözgüt boldy. Arkadagly Serdarymyzyň gözelligiň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has-da belende galdyrylmagy ugrundaky beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Milli biçüw

Ir wagtlarda köýneklik parça azlyk edip, ýan ölçegi ýetmezçilik edende meňzeş ýa-da meňzeş däl parçadan hem, ýanlaryň başyna üçburç görnüşinde parça tikilerdi. Gyz-gelinlere köýneklik matanyň gyltyzrak gelen halatynda onuň ýanbaşyna meňzeş däl parçadan ini 10 sm, boýy 20 sm ýaly bölegi gyýtaklaýyn kesip, ýanbaşynyň iki gapdalyna owadanlap urlardy.

Akyl-paýhasa eýlenen kitaplar

Halkymyz ähli döwürde-de kitaba uly sarpa goýup gelipdir. Çünki kitaplarda durmuş tejribesi, akyl-paýhas gorlary jemlenýär. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan, taryhy maglumatlary, ylmyň gazananlaryny, durmuşy beýan edýän gymmatlykdyr. Kitap adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Paýhas ummanyndan susup alan adamlar durmuşda maksada okgunly, zehinli bolup, olar başarjaň hereket edýärler. Bilimler hazynasy, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolan kitap akyl-paýhas çeşmesidir. Kitap okamak ynsany terbiýeleýän, durmuşyny gowulyga tarap düýpgöter özgerdýän endikdir. Okamak bilen ynsanyň daşary ýurt dillerini öwrenmek ukyby, duýgy we paýhas kämilligi artýar. Kitap okamak ynsanyň zehinini joşduryp, pikirini durlaýar. Alymlar tarapyndan kitap okaýan ynsanyň ýatkeşliginiň we düşünjesiniň ýitileşýändigi hem takyklandy. Türkmen halky hemişe-de kitaby mukaddeslik saýypdyr. Kitaby uly edebi baýlyk bilip, ony gymmatly hazyna hasaplapdyrlar. Bu hakykaty biz Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny okanymyzda has-da aýdyň duýýarys. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň kemala geliş kökleri hakynda gürrüň gozgap, dürli rowaýatlary mysal getirýär. Şolaryň birinde goja iki ogluny gazanç üçin ýola atarýar. Ýolda olaryň önünden ýagşyzada çykyp, dileg edip bermekçi bolýar. Ogullaryň ulusy gaýry bir güýjüň hasabyna däl-de, öz

Bereket eçilip gelen Nowruzym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň bize miras galdyran asylly däpleri döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrylýar, milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Gadymdan gelýän milli toýlarymyzyň, şol sanda Nowruz baýramynyň dabaralandyrylmagynda bu hakykat aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Şoňa görä-de, bu gün Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ulus-ilimiz bu senä aýratyn ähmiýet berip, ony uly joşgun bilen belleýär.

Idris baba medresesi

Uzak geçmişde ýurdumyzyň çäginde köpsanly, meşhur ylym-bilim ojaklary bolupdyr. Şolaryň biri-de Magtymguly Pyragynyň okan medresesidir. Oňa Idris baba medresesi diýilýär. Idris baba medresesi Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynyň çäginde, häzirki oba ilatynyň ýaşaýan ýerinden sähel daşlykda, Jeýhunyň onlarça metrlik golaýynda ýerleşýär. Taryhymyzyň örän gymmatly sahypalarynyň şaýady hökmünde medresäniň belli bahasy ýok. Bu ýer syýahatçylary geçmişiň täsin binasy bilen tanyşmak üçin-de, dünýäniň iň joşly, iň çalt akýan derýalarynyň biri, Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy Amyderýany hut ýanynda durup synlamak üçin-de, onuň kenarynyň üýtgeşik gözelligine tomaşa etmek üçin-de özüne çekýär.

Halkymyzyň milli gymmatlygy

Türkmeniň keşdeçiligi ençeme asyrlaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eseridir. Gelin-gyzlaryň sülük barmaklarynyň önümi bolan keşdeler zähmetsöýerligi, sabyrlylygy, çeperçilik ussatlygy talap edýän senetdir. Muny biz Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň hemişelik sergisinde we gaznalarynda goralyp saklanýan çyrpydyr kürteleriň, dondur çabytlaryň, keşdeli örtgüleriň, bukjalaryň mysalynda görüp bilýäris. Gelin-gyzlarymyzyň sünnä ellerinden çykan çyrpylaryň, kürteleriň XVIII, XIX, XX asyrlara degişlileriniň hem bardygyny aýtmak gerek. Şeýle-de, XX asyryň 40-60-njy ýyllarynda türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden çykan erkek adamlaryň keşdelenen boýunbaglarynyň birnäçesi muzeýe tabşyrylypdyr. Ýerligi gök matadan, içligi ak bizden bolan boýunbagyň uzynlygy 44 santimetr bolup, onuň merkezinde köşgüň şekili, arassa asmanda uçup barýan uçaryň, gülleriň şekilleri dürli reňkli ýüpekler bilen keşdelenipdir. Boýunbagyň gyralaryna «ak süňşük» nagşy nagyşlanypdyr. Bu boýunbagy aşgabatly zenan Amansoltan Bäşimowa 1945-nji ýylda keşdeläpdir. Şekiller edil ussat nakgaşyň elinden çykan sungat eseri ýaly bolup dur. Bu keşdeçilik eserinde türkmen zenanynyň ýiti suratkeşlik, çeperçilik ussatlygy jemlenipdir. Muňa şol döwrüň keşdeçilik sungatynyň täzeçilligi bolandyr diýsek hem ýalňyşmarys. Sebäbi, keşdede täze, öňkülere meňzemeýän şekill

Ede­bi çeş­me­ler­de mil­li ba­har baý­ra­my­nyň beýany

Milli bahar baýramyny halkymyz asyrlarboýy baýram edip gelýär. Baýramçylyk mynasybetli birek-birege ýagşy dilegler edilýär. Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly­nyň: «Gel­se Now­ruz äle­me, reň ky­lar ja­han peý­da», nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Şa­ben­dä­niň: «Gel­di Now­ruz, jüm­le­ýi älem gü­lüs­tan­dyr bu gün» di­ýip bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, be­re­ket­li türk­men top­ra­gy­na Now­ruz gelýär. Bu baý­ra­myň dö­reý­şi öz baş­lan­gy­jy­ny ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Ede­bi çeş­me­le­ri­miz­de bu baý­ram ha­kyn­da ta­ry­hy mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär.