Milli bahar baýramyny halkymyz asyrlarboýy baýram edip gelýär. Baýramçylyk mynasybetli birek-birege ýagşy dilegler edilýär.
Beýik söz ussady Magtymgulynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda», nusgawy şahyrymyz Şabendäniň: «Geldi Nowruz, jümleýi älem gülüstandyr bu gün» diýip belleýişleri ýaly, bereketli türkmen topragyna Nowruz gelýär. Bu baýramyň döreýşi öz başlangyjyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Edebi çeşmelerimizde bu baýram hakynda taryhy maglumatlar beýan edilýär.