Sün­nä­li ze­nan — dün­ýä­li ze­nan

25 Mart 2023
717

Çagakak uly ýaşly aýallaryň «Pylanylar guda bolupdyrlar. Keşde çekip, kürte bejerip oturan gyz alýarlar» diýen sözlerini köp eşiderdik. «Gelniň geldi-geldisi» diýleni. Bu gürrüňler tarypy ýetirilýän şol arzyly gyz tä hak ojagyna gowuşýança, küren obanyň ähli öýünde ýaňlanar. Toý gününe barmak büküp garaşýanlar barada sözem ýok. Her kim kürteçi gyzy görjekden. Ýogsa, ol nätanyş ýerdenem gelmeli däl, obanyň öz gyzydyr. Ýöne näme üçindir obadaşlarymyzyň hamana ol gyzy hut toý gününde görýän ýaly özlerini alyp barmasy çaga dünýäňi gozgalaňa salar. Asyl millet kürteçi gyzyň özüni däl-de, atynyp gelen kürtesini görjek eken. Kän garaşylan günem geler, gelnem geçer öýüň törüne. Toýam sowular. Gelniň atynyp gelen, «nagyşlary gözüň ýagyny iýip barýan» diýilýän «iňňeden çykma» kürtesi hakyndaky gürrüňler welin, asyl-asyl sowulaýmaz. Ol hamana bakylyk mukamy ýaly, obanyň içinde ýaňlanar durar, ýaňlanar durar.

Türkmen gelin-gyzlarynyň sünnäläp bejerýän kürteleri baradaky rowaýata çalymdaş kyssalar ýöne ýerden döremeýär. Sebäbi gyzyl çog kürtelerde manysyny tirip bolmaýan, emma gözelligi bilen gözüňi, kalbyňy dokundyrýan dünýä bar, ykbal bar. Edil türkmen halysy ýaly, gyrmyzy haly bilen gyrmyzy kürtäni synlanyňda, biri çitimde, beýlekisi sanjym bilen ýerine ýetirilen bitewi sungat göz öňüňde janlanýar. Hatda olara siňdirilýän zähmetem, hysyrdam, zenan dünýäsiniň gözelliginden, çeperliginden, nepisliginden, näzikliginden ýetýän paýam birmeňzeş. Bu bitewi sungaty olaryň biri halyçy, beýleki işi bolsa keşdeçi bolup dowam edýär. Şonuň üçin bu inçe, nepis sungatyň özi ýaly, ol hakyndaky gürrüňler hem rowaýata öwrülip, dowamat-dowam bolýar.

Gurbanjemal ANNAKOWA.