Küşt oýnamaga-da ökdedi...

23 Mart 2023
566

«Wagtyň salymy ýok» diýleni. Belli artist hem kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» atly çeper filmine ilkinji gezek tomaşa edenimiz düýn ýalydy. Görüp otursam, ondan bäri ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir.

Filme tomaşa etmäge gelen obadaşlarymyz Medeniýet öýüne sygmansoň, daşarda ak diwarlyk asdylar. Film diwarlykda peýda bolandan obadaşlarymyz: «Wiý, bu-da Merediň aty», «Ol asyl obadaşymyz ýaly-la» diýip seslendiler. Olaryň göçgünli seslerinden bu filmde obadaşymyz Meret aganyň atynyň hem ýene bir obadaşymyzyň köpçülik sahnalarynda surata düşürilendigini çaklamak bolýardy.

Taganmyrat MÄMIÝEW,
Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.