Halkymyzyň milli gymmatlygy

19 Mart 2023
534

Türkmeniň keşdeçiligi ençeme asyrlaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eseridir. Gelin-gyzlaryň sülük barmaklarynyň önümi bolan keşdeler zähmetsöýerligi, sabyrlylygy, çeperçilik ussatlygy talap edýän senetdir. Muny biz Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň hemişelik sergisinde we gaznalarynda goralyp saklanýan çyrpydyr kürteleriň, dondur çabytlaryň, keşdeli örtgüleriň, bukjalaryň mysalynda görüp bilýäris. Gelin-gyzlarymyzyň sünnä ellerinden çykan çyrpylaryň, kürteleriň XVIII, XIX, XX asyrlara degişlileriniň hem bardygyny aýtmak gerek. Şeýle-de, XX asyryň 40-60-njy ýyllarynda türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden çykan erkek adamlaryň keşdelenen boýunbaglarynyň birnäçesi muzeýe tabşyrylypdyr.

Ýerligi gök matadan, içligi ak bizden bolan boýunbagyň uzynlygy 44 santimetr bolup, onuň merkezinde köşgüň şekili, arassa asmanda uçup barýan uçaryň, gülleriň şekilleri dürli reňkli ýüpekler bilen keşdelenipdir. Boýunbagyň gyralaryna «ak süňşük» nagşy nagyşlanypdyr. Bu boýunbagy aşgabatly zenan Amansoltan Bäşimowa 1945-nji ýylda keşdeläpdir. Şekiller edil ussat nakgaşyň elinden çykan sungat eseri ýaly bolup dur. Bu keşdeçilik eserinde türkmen zenanynyň ýiti suratkeşlik, çeperçilik ussatlygy jemlenipdir. Muňa şol döwrüň keşdeçilik sungatynyň täzeçilligi bolandyr diýsek hem ýalňyşmarys. Sebäbi, keşdede täze, öňkülere meňzemeýän şekilleri döretmek şeýle bir aňsat iş hem däl. Boýunbagyň merkezine bolsa «gölçe» nagşy, gyralaryna «ýarty okgözi» nagşy keşdelenipdir. Gyralaryna gara jähek jäheklenip, oňa gyzyl ýüp garylypdyr.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.