Herekmaýa

23 Mart 2023
549

Sag eliň we çep eliň başam barmaklaryny birikdirip, edil şonuň ýaly külbike barmaklaram birikdirip, beýleki barmaklary biri-biriniň içinden geçirip ýatyrsaň, ol çöküp oturan düýä meňzeýär. Oglankak garry enem barmaklaryny şu hili edip şeýle diýerdi:

— Herekmaýa münjekmi?
Çopana çörek eltjekmi?
Öňüňden alaja-mulaja pişik çyksa gorkjakmy, gorkjak däl?

Nepes SAPARNAZAROW,
«Türkmenenergo» korporasiýasynyň «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.