Çelpek syrmak

23 Mart 2023
743

Türkmen halkymyz şahandazlygy, sahylygy, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Muňa biz ata-babalarymyzdan miras galyp, biziň günlerimize gelip ýeten däp-dessurlarymyzdan, edim-gylymlarymyzdan göz ýetirip bilýäris. Sahylyk, çäksiz ruhubelentlik bilen tutulýan türkmen toýlarynyň şowhunyny artdyrmak maksady bilen dürli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär. Toý başlananda saçaklyk taýýarlanylýar. Saçaga bolsa ilki ýukajyk çelpekler salynýar.

Çelpegi ökde gyz-gelinler, gartaşan eneler üýşüp, degişmedir ýomak, läledir ýar-ýar aýdyşyp ýapýarlar. Çelpek bugdaý unundan hamyr edilip, ýukajyk ýaýylyp, bir tarapa gyşardylyp goýlan gazana ýag çalnyp, iki tarapy gyzarandan soň, biri-biriniň üstüne goýulýar. Ýapylyp duran çelpekleriň üstüne toşap çalyp, künji sepilýär. Çelpek ýapylýan şüweleňli pursatlarda ýaş oglanlar, çagalar çelpegi gazandan syryp alyp gaçýarlar. Muňa çelpek syrmak diýilýär. Toý eýesi gazanyndan çelpegini bir saparam «ogurlatmadyk» çelpek ýapýan zenana halat-serpaý edipdir.

Taýýarlan Nartäç DURDYMETOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.