Baharyň, barlygyň, bagtyň baýramy

23 Mart 2023
478

Tebigatyň janlanmagynyň, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, ynsanlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň nyşany bolan Nowruz halkymyzyň iň gadymy baýramçylyklarynyň biridir. 21-nji martda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Watanymyzyň çar ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar hem ýurdumyzyň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň, parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmasynyň nyşanyna öwrüldi. Mähriban halkymyzyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.

Toý lybasyna beslenen «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk mynasybetli milli däp-dessurlarymyzy hem-de durmuşymyzy şöhlelendirýän türkmen obasy döredildi. Gadymy däplerimize eýerilip, baýramçylygyň geçirilýän ýerinde gurnalan owadan bezelen hiňňildikler, köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanan aýdym-sazlar giň ýaýlany şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwürdi.