Idris baba medresesi

20 Mart 2023
1403

Uzak geçmişde ýurdumyzyň çäginde köpsanly, meşhur ylym-bilim ojaklary bolupdyr. Şolaryň biri-de Magtymguly Pyragynyň okan medresesidir. Oňa Idris baba medresesi diýilýär.

Idris baba medresesi Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynyň çäginde, häzirki oba ilatynyň ýaşaýan ýerinden sähel daşlykda, Jeýhunyň onlarça metrlik golaýynda ýerleşýär. Taryhymyzyň örän gymmatly sahypalarynyň şaýady hökmünde medresäniň belli bahasy ýok. Bu ýer syýahatçylary geçmişiň täsin binasy bilen tanyşmak üçin-de, dünýäniň iň joşly, iň çalt akýan derýalarynyň biri, Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy Amyderýany hut ýanynda durup synlamak üçin-de, onuň kenarynyň üýtgeşik gözelligine tomaşa etmek üçin-de özüne çekýär.

Akmyrat HOJANYÝAZOW.