Kerem-keramatly jadyly sungat

23 Mart 2023
712

Owadan bezelen toý kejebesi «Bagt köşgüniň» öňünde saklandy. Ondan seýkin basyp düşen başy gyzyl kürteli gelin dähedem-dessemläp ýöräp ugrady. Şol pursat synçy nazarymyz owadan nagyşlar bilen bezelen gelin kürtesinde eglendi. Ajaýyp keşdeleri bilen gül-gülälekli bahar paslyny ýatladýan gyzyl kürtäniň älemgoşar öwüşgini gözüňi gamaşdyryp barýardy. Gyzyl kürteli gelin baharyň gül-gülälekli ajaýyp bir gününi özi bilen alyp barýan ýalydy. Hakykatda, ol bu gözellik bilen birlikde ene-mamalarymyzyň syrly dünýäsini-de alyp barýardy. Gelin kürtesiniň her bir nagşyna, her bir keşdesine siňen ol syrly dünýä giňdi hem geňdi, dowamly hem bakydy. Gadymyýetden gözbaş alyp, nagyşlarda, keşdelerde ýaşaýan ol syrly dünýä ýyllar geçip, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten, gözellikde deňsiz-taýsyz milli gymmatlygymyzdyr.

Şeýle gymmatlyklaryň biri Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň sünnäläp bejeren ajaýyp kürtesidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýini bezeýän bu milli gymmatlyk özüniň asyl durkuny, reňkini saklap, ýüpek sapaklarynyň altyn öwüşgini bilen göreni haýran edýär. Eziz Diýarymyza daşary ýurtlardan myhman bolup gelenler hem asyrlaryň şaýady bolup oturan, türkmen zenanynyň jadyly elleriniň gudraty bilen dörän bu gözelligi synlap, haýran galýarlar. Ogulabat ejäniň öz baldyzyna niýetläp, inçelik bilen, söýgi, mähir siňdirip bejeren kürtesi nusgalyk mekdep bolup, ussadyň doga zehinlidigini, ukyplydygyny, pähim-paýhasyny hem başarnygyny bütin dünýä äşgär edýär.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».