Edeplini il tanar

23 Mart 2023
485

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen ündewi pederlerimiziň edep-terbiýe hakyndaky tagallalaryndan gözbaş alýar.

Türkmençilikde perzent terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmek  gursagymyza guýlan mizemez ýörelgedir. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir» diýipdir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyz edep-terbiýe bermek işine örän oýlanyşykly çemeleşipdirler. Olar ýaş nesli diňe şu döwür üçin däl-de, eýsem, geljek döwürleri hem göz öňünde tutup terbiýeläpdirler. Mälim bolşy ýaly, bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly terbiýeçilik ähmiýetli kitabynda hem düýpli söhbetler edilýär.

Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.