Bereket eçilip gelen Nowruzym

21 Mart 2023
491

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň bize miras galdyran asylly däpleri döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrylýar, milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Gadymdan gelýän milli toýlarymyzyň, şol sanda Nowruz baýramynyň dabaralandyrylmagynda bu hakykat aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Şoňa görä-de, bu gün Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ulus-ilimiz bu senä aýratyn ähmiýet berip, ony uly joşgun bilen belleýär.

Eziz ANNAÝEW,
Ahal welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.