Türkmen ili bir suprada jem bu gün

23 Mart 2023
579

Magtymguly Pyragy goşgularynyň ruhy owazyny halkyň ruhy dünýäsi bilen bitewüleşdirmegi başarandygy üçin öz döwrüniň iň arzyly zehinine öwrülipdir. Aslynda, adamlaryň islegleriniň bitewüleşmegi, märekäniň, il-günüň derejesine laýyklaşmagy döwürden Magtymguly ýaly ýiti zehinli akyldar şahyryň döremegini talap edipdir diýsegem, ýalňyşmarys. Islegleriň, arzuwlaryň bitewüleşmegi bolsa il-halk, millet derejesindäki kämilligi emele getiripdir.

Akyldar şahyrymyz goşgularynda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin, zerur bolan ahlak ýörelgelerini dabaralandyrypdyr. Ýagşy bilen ýamanyň, baýlyk bilen garyplygyň, mertlik bilen namartlygyň, gysgançlyk bilen sahylygyň, husytlyk bilen jomartlygyň, halallyk bilen haramlygyň, günä bilen sogabyň, haýyr bilen şeriň arasyny açmaga kömek edýän sagdyn pikirleri halka düşnükli bolan sada sözler arkaly beýan etmegi başarypdyr. Şeýle häsiýetler dogrusynda söhbet açýan goşgularyň muşdaklarynyň artyp ugramagy bolsa, eýýäm döwlet gurmaga ruhy taýdan taýýar bolan jemgyýeti emele getirip ugrapdyr.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».