Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň şanyna

23 Mart 2023
469

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meýilleşdirilen çäreler barha giň gerime eýe bolýar.

Şu ýylyň 9 — 17-nji marty aralygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen topar Ispaniýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde 10-njy we 13-nji martda türkmen wekilleri bilen golýazma ýadygärlikleriniň, seýrek kitaplaryň, arhiw maglumatlarynyň jemlenen merkezi Granada Arap dilli golýazmalar ylmy-barlag merkezinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 10-njy martda Granada şäherinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Türkmen desterhanynyň başyndaky çykyşlarda ussadyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, edebi mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllarda türkmen we ispan alymlarynyň hyzmatdaşlygynda şahyryň eserleriniň terjimesi boýunça bitirilen işler, döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Onuň türkmen we ispan dillerindäki şygyrlary okaldy.