"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Tymsallar

Balykgulak we ülje agajy Balykgulak baharyň çigrek howaly günleriniň birinde ülje agajyna dyrmaşyp ugrady. Ýazyň gelmegi bilen ol agaç durşy bilen güle bürenipdi. Goňşy agaçda oturan serçeler:

Ta­ry­hy eser­ler­iň terbiýeçilik ähmiýeti

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da en­çe­me akyl­dar­la­ry, şa­hyr­la­ry, alym­la­ry gör­mek bol­ýar. Bu akyl­dar­la­ryň mi­ras go­ýan eser­le­ri, gym­mat­ly yl­my pi­kir­le­ri ede­bi­ýat­çy we dil­çi alym­lar ta­ra­pyn­dan düýp­li öw­re­nil­ýär, wa­gyz edil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu gym­mat­lyk­lar yl­my nuk­daý­na­zar­dan öw­re­nil­ýär. Ga­dym dö­wür­ler­den şu gün­le­re çen­li türk­men hal­ky ylym-bi­li­me be­lent sar­pa go­ýup­dyr. Şo­nuň üçin şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da en­çe­me gol­ýaz­ma eser­ler dö­re­di­lip­dir, ta­ry­hy ki­tap­lar şu gün­le­ri­mi­ze ýe­tip ge­lip­dir. Ylym-bi­li­me, onuň yn­san dur­mu­şyn­da tut­ýan or­nu­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­rün­de-de ýo­ka­ry ba­ha be­rip­dir­ler. Bu ba­bat­da «Bir oka­na bar, bi­rem do­ka­na», «Okan il ozar, oka­ma­dyk il to­zar», «Bi­le­gi ýo­gyn bi­ri­ni ýy­kar, bi­lim­li — mü­ňini» di­ýen ýa­ly bir­nä­çe na­kyl­lar, pa­ra­sat­ly söz­ler türk­men hal­ky­nyň geç­miş­de yl­ma-bi­li­me uly äh­mi­ýe­t beren­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Öwezmämmet tebip

Il-güne haýyrly hyzmat edip bilseň halkyň arasynda at-abraýyňam bolýar, mydama-da ýagşylykda ýatlanýarsyň. Öwezmämmet tebip hem şeýle adamlaryň biri bolupdyr. Gadymy Ahal topragynda ýaşap geçen bu tebip il-güne elinden gelen kömegini gaýgyrmandyr. Ol syrkawyň gözüne seredip, keselini bilipdir. Onuň kölegede guradylan erik kişdesi bilen ençeme syrkawlary bejerendigini ýagşylykda ýatlaýarlar. Şeýle-de ol dürli dermanlyk ösümliklerinden peýdalanyp, näsaglary bejeripdir. Ady rowaýata öwrülen Öwezmämmet tebip hakynda il içinde gürrüň kän. Bizem şolaryň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Samany azrak beriň

Halk hakydasyndan

Suwuna görä tagam Ir zamanda bir adam bir käse suw içim salymda gürrüňdeşiniň kimdigini, gylyk-häsiýetini aýdyp bilýän eken. Oňa:

Şaýat bolan wakalarym

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanyna 78 ýyl bolup barýar. Şonça ýyl geçenem bolsa, uruş diýilýän nägehanyň adamyň başyna salýan elhençligi ol gutarandan soňam dowam edýän ekeni.Men Beýik Ýeňişden 20 ýyl soň doglan adam. Ýöne onuň elhençliklerine şaýat bolmak maňa-da miýesser etdi. Aýtmaklaryna görä, atam ömründe aglap görmändir. Ol hemişe mertlik edip, hasratyny içine salmagy başarýan ekeni. Uruş gutaransoň, ep-esli ýyl geçse-de, ol dereksiz ýiten oglundan habar bilmekçi boldy. Adamlaryň maslahaty bilen oba mugallymyndan haýyş edip, öz adyndan şol wagtky Goranmak ministrligine hat ýazdyrdy.

Daş gaplar we gazanlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyz tarapyndan taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga möhüm ähmiýet berilýär. Biz muňa ýurdumyzda şöhratly taryhymyza bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň, şol sanda halkara forumlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu babatda şol çäreleriň her biri, aýratyn-da, halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlar örän ähmiýetlidir. Şonuň netijesinde, türkmen taryhynyň ozal nämälim sahypalary açylýar, şöhraty dünýä ýaýylýar. Taryha içgin aralaşdygyňça, syrly sahypalaryň, geň-enaýy täsinlikleriň şaýady bolýarsyň. Taryhymyza degişli her bir maglumat tapyndyny öwrenmekde gymmatlydyr, möhüm ähmiýet berilmegine mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan, halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly hojalyk enjamy bolan gazan hakynda söhbet etmegi makul bildik. Sebäbi adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynda gazan zerur zatlaryň biri bolup durýar. Şunuň özi hem gazanyň adamlaryň durmuşyna ornaşmagynyň taryhynyň, onuň bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň öwrenilmäge mynasypdygyny aýan edýär.

Ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri – buýsançly mirasymyz

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy ýadygärlikleri dikeltmäge, rejelemäge we öwrenmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz taryhy medeni ýadygärliklere baý bolmak bilen, döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty barha rowaçlanýar. Türkmenistanda döwlet hasabynda taryhy we medeni desgalaryň 1,5 müňe golaýy bolup, olaryň aglabasy arhelogik ýadygärliklerdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babat

Gymmaty egsilmeýän tapyndylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyz «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýýär. Taryh ylmyny öwrenmekde iň ygtybarly serişdeleriň biri hem arheologiýadyr. Grek dilinden terjime edilende, «arheos» — «gadymy», «logos» — «ylym» diýen manyny berýär. Gadymyýeti öwrenýän bu ylmyň adamzat ýaşaýşynyň çuňluklaryna aralaşmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatymyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik barlaglara, gazuw-agtaryş işlerine giň gerim berildi. Şonda ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly tapyndylaryň üsti açyldy. Esasan-da, alym-arheologlar tarapyndan Hojaidat galasynda geçirilen ylmy-barlag işleri netijeli boldy. Galanyň biziň eýýamymyzyň I asyrynda, Kuşan döwleti döwründe gurlandygy anyklanyldy. Kuşan döwleti biziň eýýamymyzyň I — IV asyrlarynda höküm süren patyşalykdyr. Hojaidat galasy şu döwletiň golastyndaky harby goranyş we Amyderýanyň orta akymynyň ilatly ýerleriniň merkezi edara ediş galasy bolupdyr.

MILLI MIRASYMYZ – HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Milli mirasymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, bäş müň ýyllyk taryhy, daglar deýin belent, çaýlar deýin tereň, ýaýrawly, ýalkymly, ýakymly ýaýlalar kimin seleň tarypy bolan türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, duýgy-düşünjelerini, durmuş tejribesini şöhlelendirýän bahasyz gymmatlyklar ulgamydyr. Milli mirasymyz ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň öz nesillerine goýup giden tükenmejek baýlygydyr, mizemez ýadygärligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz diňe bir türkmen halkymyzyň göz guwanjyna, buýsanjyna öwrülmän, eýsem, adamzat gymmatlyklarynyň, gorap saklanylýan hazynasynyň hataryna girdi. Bu hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň we olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändiginiň aýdyň alamatydyr. Muny «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi hem aňryýany bilen subut edýär. Edil şonuň ýaly, halkymyzyň şöhratly taryhyndan  habar berýän taryhy-arheologik ýadygärliklerimiz bolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary, şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungaty, Nowruz baýramy, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasama

«...Nusga bolup galsyn ilden-illere!»

Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, estetiki-gözellik dünýäsini, milli däp-dessurlaryny häsiýetlendirýän milli egin-eşikleri biziň medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen gelin-gyzlaryny has hem gözel görkezýän milli başatgyçlara pürenjekler, kürteler, çyrpylar, düýpli gyňaçlar degişlidir. Bu başatgyçlary zenanlarymyz gadymdan bäri ürç edip geýipdirler. Olaryň gadyr-gymmaty hiç wagtam egsilmeýär. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis keşdelenen el işleri zenanlaryň zehininiň önümi, ýürek owazlarydyr. Türkmen zenanlarynyň arasynda keşde çekip, gaýma gaýap bilmeýäni ýokdur. Sebäbi ulalanda eli işli bolar ýaly, şeýle-de bu inçe sungatyň nesilme-nesil dowam etmegini gazanmak maksady bilen, ene-mamalarymyz gyzlaryna kiçiliginden tikin tikmegi, keşde çekmegi öwredipdirler. Sallançakda ýatan gyz bäbejigi hüwdülänlerinde, olaryň zähmetsöýer, eli işli, işeňňir bolmaklaryny arzuw edipdirler. Bu barada halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülerde, lälelerde we gazallarda aýdylyp geçilýär.

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Türkmen halky milli ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp, has-da kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan milli oýunlar hem baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan milli oýunlarymyz, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň üns-aladalary netijesinde täze röwüşde ösdürilýär. «Aşyk», «gizlenpeçek», «üçem», «bäşdaş», «gözdaňdy», «ogar-ogar», «awçy-ördek», «Aýterek-Günterek»... ýaly milli oýunlarymyz çagalarda ýatkeşlik, ünslülik, ugurtapyjylyk , çalasynlyk, çeýelik häsiýetlerini kemala getirip, möhüm terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Bu oýunlar çagalary ýaşyna görä taplamak hem-de özgertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini üpjün edipdir. Türkmen milli göreşiniň, düzzümiň, ýaglyga towusmagyň üsti bilen ýetginjekler özleriniň hereket we aň-paýhas başarnyklaryny görkezipdirler. Wagtyň geçmegi bilen, dünýä halklarynyň arasynda giňden ýaýran milli oýunlaryň agramly bölegi sport görnüşleriniň döremegine sebäp bolupdyr.

Halkyň öçmez çyragy — beýik ussat Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Türkmen edebiýatynyň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligine degişli, çuňňur many-mazmuna eýe bolan  medeni mirasymyz bu gün bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarymyzyň biridir. Akyldaryň eserlerinde türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetler şahyrana teswirlenilýär. Şahyryň eserleriniň dünýäniň dürli  halklarynyň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Onuň hormatyna Köpetdagyň gerşinde Aşgabat şäherine görk berip duran ýadygärligiň bina edilmegi, akyldaryň dogduk mekanynda, adyny göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň açylmagy, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdep bilen birlikde ýadygärlik heýkeliniň, Türkiýäniň Ankara şäheri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde bolsa, beýik akyldaryň ýadygärlik heýkeliniň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň akylda

Mukaddeslik güwäsi

Ene-atanyň öýli-işikli bolan oguldyr gelnine edýän aýratyn sowgatlarynyň biri-de saçak bilen kendirikdir. Gaýynene yrym edip gelnine içi unly, hamyrmaýaly kendirigi gowşurýar we rysgal-berekedi, döwletliligi arzuw edýär. Eli işli, edepli gelinler gaýynynyň eden sylag-sarpasyndan ganatlanyp, täze öý-ojagynyň rysgally bolmagynyň aladasyny edýärler. Enelerimiz mydama kendirigi içi urbaly we hamyrmaýaly saklamagy sargaýarlar. Çünki «Kendirikde şol maşgalanyň berekedi ýaşaýar» diýilýär.

Ykballara zynatdyr barmakdaky ýüzükler

Gündogaryň akyldar şahyry Omar Haýýam dünýäni ýüzüge, ynsany bolsa, şol ýüzügiň gaşyna meňzedipdir. Edebi çeşmelerde bellenilişi ýaly, aşyk ýigitler öz magşugyna: «Men bir tylla ýüzük sende bolaýyn» diýip ýüzlenipdirler. Görogly beg Türkmeniň maşgalasy Agaýunus peri köplenç ýüzügine seredip, boljak zady öňünden aýdar ekeni. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa: «Meňli gyzyň ýüzügine,Gaşlar goýsam kümüş bilen»

Sungata barýan ýol

Kiçilikden haýsydyr bir hünäre höwes, gyzyklanma geljekde kär saýlamaklyga, durmuşda öz ornuňy tapmaklyga täsir edýär. Ýurdumyzdaky çagalar sungat we çeperçilik mekdeplerinde, çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde ýaşlar sungatyň dürli ugurlaryndan tälim alýarlar. Saýat etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde hereket edýän gurnaklaryň 38-sinde okuwçy ýaşlar surat çekmegi, aýdym aýdyp, tans etmegi, halydyr palas dokamagy, dürli şekilleri ýasamagy öwrenip, zehinlerini taplaýarlar. Olar küşt, şaşka gurnaklaryna hem gatnap, bu ugurdan ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler.

Parasatly pikirler

Eger bagtly ömür sürmek isleseňiz, ony adamlara ýa-da goş-golamlara däl-de, maksatlara baglaň.Albert Eýnşteýn. Ýaşaýşyň berýän zatlary bilen kanagatlanmaň, ýaşaýşy gowulandyryň, nämedir bir zat guruň. Eşton Katçer.

Muny bilmek gyzykly

Sazyň gyzykly we özüne çekiji taryhy bar. Miladydan öňki VI-I asyrlarda hytaý çeşmelerinde sazyň tebigatyna, onuň jemgyýetde tutýan ornuna bagyşlanyp ýazylan ylmy işlerde notalar hakda söz açylýar. Notalar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Miladydan ozalky II müňýyllykda notalar palçykdan edilen tagtajyklara ýazylypdyr. Şol döwürdäki notalar häzirki wagtky notalardan has tapawutly bolupdyr. Häzirki notalara meňzeş notalar bolsa ilkinji gezek 1025-nji ýylda italiýaly Guido d Arezzo tarapyndan oýlanylyp tapylypdyr. Sazşynas bu notalara «ut, re, mi, fa, sol, lýa, s» diýip at beripdir. «Ut» XII asyrda «do», «s» XIII asyrda «si» diýlip atlandyrylýar. Guido d Arezzo notalary ilki tegelek görnüşde, dört çyzykdan ybarat bolan setire ýerleşdiripdir. Şeýle-de sazşynas saz ýerine ýetirilende, sesleriň garyşmazlygy üçin notalaryň her birine aýratynlykda at beripdir. Häzirki görnüşine gelýänçä notalar dürli döwürlerde üýtgedilipdir we aňsatlaşdyrylypdyr.

Dünýä edebiýatynyň solmaz güli

Magtymguly atamyzyň: «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip taryp eden türkmen binasy — türkmen döwleti gülleýär, ösýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän agzybirlik, berkarar döwlet, erkinlik, adalatlylyk, bir başa gulluk etmek, asudalyk ýaly ruhy ýörelgeleri türkmen halkynyň köňül nagşy bolup, nesillere geçipdir. Milletiň gymmatly ruhy hazynasyna öwrülip, nesilme-nesil geçýän ýörelgeler umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp gidýär. Heňňamlar ötse-de, edebiýat, paýhasly sözler milletiň bir ýörelgesine öwrülip ýaşaýar, şahyr aýtmyşlaýyn «Nusga bolup, ilden-illere aşýar». Bu gün biz Magtymguly atamyzyň arzuw eden birligine, jebisligine ýetdik. Häzirki döwürde edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Nesip bolsa, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede belleniler. Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde tanalýar. TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi guwandyryjy habar boldy.

Köňül ylhamyndan dörän sungat

Milli mirasymyz bolan alaja işmek, alaja örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli medeniýetiniň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, olary has-da bezeýär. Alaja «Göz degmeden» goraýar diýen ynanç halkymyzyň dogabitdi ruhunda bar. Alaja, köplenç, ak-gara reňkli ýüň ýa-da nah ýüplükden işilipdir. Düýe ýüňi goşulan alajalar, esasan, el işlerinde ulanylypdyr. Zenanlarymyz alajalaryň dürli-dürli görnüşlerini döredip, olary ýakalaryna, goşarlaryna, bukjalaryna, begreslerine, akgaýma tahýalaryna, gültahýalaryna nepis edip keşdeleýärler. Alajalyk ýüpekler ak-gara reňkden, şeýle-de dürli reňklerden taýýarlanypdyr. Ene-mamalarymyz gyz perzent eli iňňe tutup başlan gününden «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän sungatlarynyň inçe tärlerini öwretmäge başlaýarlar. Gyzlara el işlerini öwredip başlanlarynda hem ilki alaja örmegi, işmegi öwredipdirler. Alajalar bilege, boýna, çagalaryň ellerine, atlara dakylýar, egin-eşiklere çatylýar. Alajalaryň görnüşleri köpdür. «Ýönekeý alaja», «Goşma alaja», «Gyýakly alaja», «Älem alaja» ýaly alajalar tow berip işilýär. «Çigildem alaja», «Gyraly alaja», «Bugdaýbaş alaja» ýaly birnäçeleri barmaklar bilen örülýär. Körpeje gyzjagazlar eneleriniň ýanynda oturyp, alajalaryň inçelik bilen örülişine syn edýärler.

Ga­dym­dan ga­lan nus­ga­lar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak, ola­ry yl­my esas­da öw­ren­mek, şeý­le-de gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ug­run­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, dün­ýä halk­la­ry­ny hem ýa­kyn­dan gy­zyk­lan­dyr­ýan türk­men me­de­ni­ýe­ti özü­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­len bu gün­ki gün­de giň­den ta­nal­ýar. Bu bol­sa türk­men hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da öz mil­li­li­gi­ni ýi­tir­män bu gün­ki gün­le­re ýe­tir­me­gi­niň, ýaş nes­li şol mil­li­lik esa­syn­da ter­bi­ýe­le­me­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­da mö­hüm orun eýe­le­ýän me­de­ni gat­na­şyk­lar ýur­du­myz­da tä­ze baş­lan­gyç­la­ra eýe bol­ýar. Eý­ýäm en­çe­me ýyl bä­ri türk­men me­de­ni­ýe­tini dün­ýä­niň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da ta­na­dyl­ýar we ol dün­ýä halk­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň her ýyl do­wam­ly gu­ra­lyp dur­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rü­lip, türk­men hal­ky­nyň asyr­lar­bo­ýy dö­re­den we hä­zir­ki döw­re ýe­ti­ren mil­li me­de­ni­ýe­ti­ni dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek­de, ony ta­nat­mak­da uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Türk­men me­de­ni­ýe­ti özü­niň göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Şo­nuň üçin-de eziz Di­ýa­ry­myz dün­ýä­de ga­dy­my me