Ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri – buýsançly mirasymyz

3 Aprel 2023
428

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy ýadygärlikleri dikeltmäge, rejelemäge we öwrenmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz taryhy medeni ýadygärliklere baý bolmak bilen, döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty barha rowaçlanýar. Türkmenistanda döwlet hasabynda taryhy we medeni desgalaryň 1,5 müňe golaýy bolup, olaryň aglabasy arhelogik ýadygärliklerdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikleri gazanýar, halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär.