Şaýat bolan wakalarym

4 Aprel 2023
463

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanyna 78 ýyl bolup barýar. Şonça ýyl geçenem bolsa, uruş diýilýän nägehanyň adamyň başyna salýan elhençligi ol gutarandan soňam dowam edýän ekeni.
Men Beýik Ýeňişden 20 ýyl soň doglan adam. Ýöne onuň elhençliklerine şaýat bolmak maňa-da miýesser etdi.

Aýtmaklaryna görä, atam ömründe aglap görmändir. Ol hemişe mertlik edip, hasratyny içine salmagy başarýan ekeni. Uruş gutaransoň, ep-esli ýyl geçse-de, ol dereksiz ýiten oglundan habar bilmekçi boldy. Adamlaryň maslahaty bilen oba mugallymyndan haýyş edip, öz adyndan şol wagtky Goranmak ministrligine hat ýazdyrdy.

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.