Muny bilmek gyzykly

29 Mart 2023
523

Sazyň gyzykly we özüne çekiji taryhy bar. Miladydan öňki VI-I asyrlarda hytaý çeşmelerinde sazyň tebigatyna, onuň jemgyýetde tutýan ornuna bagyşlanyp ýazylan ylmy işlerde notalar hakda söz açylýar. Notalar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Miladydan ozalky II müňýyllykda notalar palçykdan edilen tagtajyklara ýazylypdyr. Şol döwürdäki notalar häzirki wagtky notalardan has tapawutly bolupdyr. Häzirki notalara meňzeş notalar bolsa ilkinji gezek 1025-nji ýylda italiýaly Guido d Arezzo tarapyndan oýlanylyp tapylypdyr. Sazşynas bu notalara «ut, re, mi, fa, sol, lýa, s» diýip at beripdir. «Ut» XII asyrda «do», «s» XIII asyrda «si» diýlip atlandyrylýar. Guido d Arezzo notalary ilki tegelek görnüşde, dört çyzykdan ybarat bolan setire ýerleşdiripdir. Şeýle-de sazşynas saz ýerine ýetirilende, sesleriň garyşmazlygy üçin notalaryň her birine aýratynlykda at beripdir. Häzirki görnüşine gelýänçä notalar dürli döwürlerde üýtgedilipdir we aňsatlaşdyrylypdyr.

Taýýarlan Leýla WALIÝEWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.