«...Nusga bolup galsyn ilden-illere!»

31 Mart 2023
589

Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, estetiki-gözellik dünýäsini, milli däp-dessurlaryny häsiýetlendirýän milli egin-eşikleri biziň medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen gelin-gyzlaryny has hem gözel görkezýän milli başatgyçlara pürenjekler, kürteler, çyrpylar, düýpli gyňaçlar degişlidir. Bu başatgyçlary zenanlarymyz gadymdan bäri ürç edip geýipdirler. Olaryň gadyr-gymmaty hiç wagtam egsilmeýär. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis keşdelenen el işleri zenanlaryň zehininiň önümi, ýürek owazlarydyr.

Türkmen zenanlarynyň arasynda keşde çekip, gaýma gaýap bilmeýäni ýokdur. Sebäbi ulalanda eli işli bolar ýaly, şeýle-de bu inçe sungatyň nesilme-nesil dowam etmegini gazanmak maksady bilen, ene-mamalarymyz gyzlaryna kiçiliginden tikin tikmegi, keşde çekmegi öwredipdirler. Sallançakda ýatan gyz bäbejigi hüwdülänlerinde, olaryň zähmetsöýer, eli işli, işeňňir bolmaklaryny arzuw edipdirler. Bu barada halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülerde, lälelerde we gazallarda aýdylyp geçilýär.

Mähri BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň kiçi ylmy işgäri.