Milli oýunlaryň ähmiýeti

31 Mart 2023
478

Türkmen halky milli ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp, has-da kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan milli oýunlar hem baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan milli oýunlarymyz, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň üns-aladalary netijesinde täze röwüşde ösdürilýär.

«Aşyk», «gizlenpeçek», «üçem», «bäşdaş», «gözdaňdy», «ogar-ogar», «awçy-ördek», «Aýterek-Günterek»... ýaly milli oýunlarymyz çagalarda ýatkeşlik, ünslülik, ugurtapyjylyk , çalasynlyk, çeýelik häsiýetlerini kemala getirip, möhüm terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Bu oýunlar çagalary ýaşyna görä taplamak hem-de özgertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini üpjün edipdir. Türkmen milli göreşiniň, düzzümiň, ýaglyga towusmagyň üsti bilen ýetginjekler özleriniň hereket we aň-paýhas başarnyklaryny görkezipdirler. Wagtyň geçmegi bilen, dünýä halklarynyň arasynda giňden ýaýran milli oýunlaryň agramly bölegi sport görnüşleriniň döremegine sebäp bolupdyr.

Aýmuhammet AGAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.