Halkyň öçmez çyragy — beýik ussat Pyragy

30 Mart 2023
489

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Türkmen edebiýatynyň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligine degişli, çuňňur many-mazmuna eýe bolan  medeni mirasymyz bu gün bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarymyzyň biridir. Akyldaryň eserlerinde türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetler şahyrana teswirlenilýär.

Şahyryň eserleriniň dünýäniň dürli  halklarynyň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Onuň hormatyna Köpetdagyň gerşinde Aşgabat şäherine görk berip duran ýadygärligiň bina edilmegi, akyldaryň dogduk mekanynda, adyny göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň açylmagy, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdep bilen birlikde ýadygärlik heýkeliniň, Türkiýäniň Ankara şäheri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde bolsa, beýik akyldaryň ýadygärlik heýkeliniň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň akyldar ogluna goýýan çäksiz hormatynyň nyşanydyr.

Serdar ANNAMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň maýory.