Köňül ylhamyndan dörän sungat

27 Mart 2023
900

Milli mirasymyz bolan alaja işmek, alaja örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli medeniýetiniň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, olary has-da bezeýär. Alaja «Göz degmeden» goraýar diýen ynanç halkymyzyň dogabitdi ruhunda bar. Alaja, köplenç, ak-gara reňkli ýüň ýa-da nah ýüplükden işilipdir. Düýe ýüňi goşulan alajalar, esasan, el işlerinde ulanylypdyr. Zenanlarymyz alajalaryň dürli-dürli görnüşlerini döredip, olary ýakalaryna, goşarlaryna, bukjalaryna, begreslerine, akgaýma tahýalaryna, gültahýalaryna nepis edip keşdeleýärler. Alajalyk ýüpekler ak-gara reňkden, şeýle-de dürli reňklerden taýýarlanypdyr. Ene-mamalarymyz gyz perzent eli iňňe tutup başlan gününden «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän sungatlarynyň inçe tärlerini öwretmäge başlaýarlar. Gyzlara el işlerini öwredip başlanlarynda hem ilki alaja örmegi, işmegi öwredipdirler. Alajalar bilege, boýna, çagalaryň ellerine, atlara dakylýar, egin-eşiklere çatylýar.

Alajalaryň görnüşleri köpdür. «Ýönekeý alaja», «Goşma alaja», «Gyýakly alaja», «Älem alaja» ýaly alajalar tow berip işilýär. «Çigildem alaja», «Gyraly alaja», «Bugdaýbaş alaja» ýaly birnäçeleri barmaklar bilen örülýär. Körpeje gyzjagazlar eneleriniň ýanynda oturyp, alajalaryň inçelik bilen örülişine syn edýärler.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».