Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek, şeýle-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä halklaryny hem ýakyndan gyzyklandyrýan türkmen medeniýeti özüniň gymmatlyklary bilen bu günki günde giňden tanalýar. Bu bolsa türkmen halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda öz milliligini ýitirmän bu günki günlere ýetirmeginiň, ýaş nesli şol millilik esasynda terbiýelemeginiň aýdyň beýanydyr.
Halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýän medeni gatnaşyklar ýurdumyzda täze başlangyçlara eýe bolýar. Eýýäm ençeme ýyl bäri türkmen medeniýetini dünýäniň birnäçe ýurtlarynda tanadylýar we ol dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çäreleriň her ýyl dowamly guralyp durmagy asylly däbe öwrülip, türkmen halkynyň asyrlarboýy döreden we häzirki döwre ýetiren milli medeniýetini dünýäde giňden wagyz etmekde, ony tanatmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmen medeniýeti özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyz dünýäde gadymy medeniýetiň ojagy hasaplanylýar, şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýänligi bilen aýratyn orna eýe bolup durýar.