Dünýä edebiýatynyň solmaz güli

28 Mart 2023
626

Magtymguly atamyzyň: «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip taryp eden türkmen binasy — türkmen döwleti gülleýär, ösýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän agzybirlik, berkarar döwlet, erkinlik, adalatlylyk, bir başa gulluk etmek, asudalyk ýaly ruhy ýörelgeleri türkmen halkynyň köňül nagşy bolup, nesillere geçipdir. Milletiň gymmatly ruhy hazynasyna öwrülip, nesilme-nesil geçýän ýörelgeler umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp gidýär. Heňňamlar ötse-de, edebiýat, paýhasly sözler milletiň bir ýörelgesine öwrülip ýaşaýar, şahyr aýtmyşlaýyn «Nusga bolup, ilden-illere aşýar». Bu gün biz Magtymguly atamyzyň arzuw eden birligine, jebisligine ýetdik.

Häzirki döwürde edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Nesip bolsa, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede belleniler. Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde tanalýar. TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi guwandyryjy habar boldy.

Ogulbek BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.