Mukaddeslik güwäsi

29 Mart 2023
581

Ene-atanyň öýli-işikli bolan oguldyr gelnine edýän aýratyn sowgatlarynyň biri-de saçak bilen kendirikdir. Gaýynene yrym edip gelnine içi unly, hamyrmaýaly kendirigi gowşurýar we rysgal-berekedi, döwletliligi arzuw edýär. Eli işli, edepli gelinler gaýynynyň eden sylag-sarpasyndan ganatlanyp, täze öý-ojagynyň rysgally bolmagynyň aladasyny edýärler.

Enelerimiz mydama kendirigi içi urbaly we hamyrmaýaly saklamagy sargaýarlar. Çünki «Kendirikde şol maşgalanyň berekedi ýaşaýar» diýilýär.

Ogulgeldi ANNAGELDIÝEWA,
Halaç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň müdiri.