MILLI MIRASYMYZ – HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

31 Mart 2023
553

Milli mirasymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, bäş müň ýyllyk taryhy, daglar deýin belent, çaýlar deýin tereň, ýaýrawly, ýalkymly, ýakymly ýaýlalar kimin seleň tarypy bolan türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, duýgy-düşünjelerini, durmuş tejribesini şöhlelendirýän bahasyz gymmatlyklar ulgamydyr. Milli mirasymyz ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň öz nesillerine goýup giden tükenmejek baýlygydyr, mizemez ýadygärligidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz diňe bir türkmen halkymyzyň göz guwanjyna, buýsanjyna öwrülmän, eýsem, adamzat gymmatlyklarynyň, gorap saklanylýan hazynasynyň hataryna girdi. Bu hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň we olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändiginiň aýdyň alamatydyr. Muny «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi hem aňryýany bilen subut edýär. Edil şonuň ýaly, halkymyzyň şöhratly taryhyndan  habar berýän taryhy-arheologik ýadygärliklerimiz bolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary, şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungaty, Nowruz baýramy, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň görnükli sanawlaryna goşuldy we dünýä tarapyndan goralyp saklanylýan gymmatlyklara öwrüldi. Bulardan başga-da, «Ahalteke bedewlerini seýislemek sungaty», «Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungaty», «Türkmen keçe sungaty», «Türkmen demirçilik senedi», «Türkmen tazysy we elguşy», «Türkmen milli göreşi», «Türkmenleriň ýerasty kärizleri we mirapçylyk däpleri» ugurlary boýunça teklipler ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlendi.

Ahmetnur Nurmuhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.