Ta­ry­hy eser­ler­iň terbiýeçilik ähmiýeti

4 Aprel 2023
675

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da en­çe­me akyl­dar­la­ry, şa­hyr­la­ry, alym­la­ry gör­mek bol­ýar. Bu akyl­dar­la­ryň mi­ras go­ýan eser­le­ri, gym­mat­ly yl­my pi­kir­le­ri ede­bi­ýat­çy we dil­çi alym­lar ta­ra­pyn­dan düýp­li öw­re­nil­ýär, wa­gyz edil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu gym­mat­lyk­lar yl­my nuk­daý­na­zar­dan öw­re­nil­ýär.

Ga­dym dö­wür­ler­den şu gün­le­re çen­li türk­men hal­ky ylym-bi­li­me be­lent sar­pa go­ýup­dyr. Şo­nuň üçin şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da en­çe­me gol­ýaz­ma eser­ler dö­re­di­lip­dir, ta­ry­hy ki­tap­lar şu gün­le­ri­mi­ze ýe­tip ge­lip­dir. Ylym-bi­li­me, onuň yn­san dur­mu­şyn­da tut­ýan or­nu­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­rün­de-de ýo­ka­ry ba­ha be­rip­dir­ler. Bu ba­bat­da «Bir oka­na bar, bi­rem do­ka­na», «Okan il ozar, oka­ma­dyk il to­zar», «Bi­le­gi ýo­gyn bi­ri­ni ýy­kar, bi­lim­li — mü­ňini» di­ýen ýa­ly bir­nä­çe na­kyl­lar, pa­ra­sat­ly söz­ler türk­men hal­ky­nyň geç­miş­de yl­ma-bi­li­me uly äh­mi­ýe­t beren­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Mi­we AGY­ŞO­WA,
Be­ki Seý­tä­kow adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.