"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Mirasym — mertebäm

Köňüllere nagyş salýan keşdeler Gadymy döwürlerde enelerimiz pileden saralyp alnan sap ýüpek ýüplükleri inçeden-inçe, egrip, dürli-dürli tebigy reňklere boýapdyrlar. Inçejik keşde iňňesine sapylan reňkli ýüpekler bilen köýnekleriniň ýakalarydyr ýeňlerine, kürtelerine, çabytlaryna, donlaryna sünnäläp, her dürli nagyşlary salypdyrlar.

Sungatym — mertebäm

Owazy äleme ýaýran dutarym Ajaýyp zamanamyzda saz sungatyny ösdürmekde, ony ýaş nesillerimize içgin öwretmekde aýdym-saz mugallymlary janaýaman zähmet çekýärler. Dutarda saz çalmak sungatyny okuwçylara öwretmek, olarda dutara bolan söýgini döretmek örän jogapkärli wezipeleriň biri bolup durýar.

Gökböri

Arada bir tanşymyň Köýtendag etrabynyň Hojaýpil obasynda bolan toýda ilkinji gezek «Owlak gapdy» (ýerli ilat bu oýny «Köpkäri» diýip atlandyrýan eken) oýnuna tomaşa edendigini gürrüň bermegi maňa owgan topragynda geçen çagalyk, ýetginjeklik döwürlerimi ýatlatdy. Sebäbi bu oýun owganystanly türkmenleriň toýlarynda göreş bilen deň derejede görlerdi. Sähel gurby çatan hojalyk ulurak toý etse, hökman «Owlak gapdy» oýnuny gurnardy. Owganystanly türkmenleriň arasynda «Owlak gapdy», käte «Owlak oýny», «Gökböri» atlary bilen meşhurlyga ýeten bu oýun aşa şüweleňliligi bilen-de, ýigitlerde batyrlyk, mertlik, çydamlylyk, tutanýerlilik, edermenlik, eserdeňlik ýaly gowy häsiýetleri terbiýeleýändigi bilen-de köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu oýun baradaky gürrüň maňa ýene-de bir wakany ýatlatdy. Ol 2007-nji ýylyň 10-15-nji marty aralygynda, Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk saýlawlary esasynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenine ýaňy bir aý geçende bolupdy. Şonda, turuwbaşdan, belent ynsanperwer işleri amala aşyryp ugran Gahryman Arkadagymyz goňşy owgan topragynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleri hem-de beýleki halklary ruhy we maddy taýdan goldamak maksady bilen düzüminde ýazyjy-şahyrlardyr alymlar, sungat ussatlarydyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan uly medeni topary Owganystanyň demirgazyk sebitindäki Jöwizjan, Balh, Gunduz welaýatlaryna iberipdi. Şol gezek ata Watany

Ümür Eseni ýatlap

Mirasgäriň ömür ýoly barada gysgaça durup geçsek, ol 1939-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 2-nji Sugty obasynda, çopan maşgalasynda dogulýar. Etrapdaky 9-njy orta mekdebi tamamlap, Baýramaly şäherindäki şol wagtky mehanizasiýa ýörite orta hünär mekdebinde okap, soň obasynda traktorçylar brigadasynyň brigadiri bolup işleýär. 1966-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň gaýybana bölümine okuwa girýär. 1972-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, obalaryndaky mekdepde mugallym bolup işe başlaýar. Şol ýyllarda Ümür aga hysyrdyly işleriniň daşyndan medeni mirasymyzy, köne däp-dessurlarymyzy öwrenmäge has içgin girişip ugraýar.

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 7-nji sentýabrynda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyny geçirdi. Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy müzeýinde geçirilen döredijilik duşuşygy «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» diýlip atlandyryldy. Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Bibijan Nurmämmedowa, «Balkan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Nursoltan Depbiýewa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş müzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Göwherşat Aşyrowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler beýan tapdy, şeýle-de şahyryň Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, gözel tebigat baradaky şygyrlaryna, Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyna giň orun berildi.

Haly — türkmeniň kalby

«Suw — türkmeniň ýaşaýşy, at — türkmeniň ganaty, haly — türkmeniň kalby» diýen halk pähimi bar. Haly türkmen durmuşynyň tutuş dowamynda ýakyn hemrasydyr. Ajaýyp sungatyň eýesi bolan türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleriniň zähmetinden dörän halydyr palaslar türkmen öýleriniň bezegidir. Şeýle nepis haly önümleriniň gölleriniň öwüşginli reňkleri biziň gözel tebigatymyzdan alnypdyr. Bu bolsa gözellige teşne türkmen zenanlarymyzyň haly sungatymyzy döretmekdäki ussatlyklaryny görkezýär. Ene-mamalarymyz gyz-gelinlere halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny ussatlyk bilen öwredipdirler. Şeýdip hem ussatlardan ussatlar döräp, haly sungaty öz ähmiýetini ýitirmän barha kämilleşip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Halyçylyk sungaty Watanymyzyň, halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nury bilen äleme şöhle saçýar. Gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy bilen döreýän halylaryň her bir çitimi, gölleri belent söýgä ýugrulandyr.

Miras

Milliligimiz — buýsanjymyz Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän ajaýyp däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, yrym-ynançlary bar.

Meşhur pälwan

Häzir Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk we Büzmeýin etraplarynyň çäginde ýerleşýän Herrikgala ýaşaýyş toplumy öz döwründe il-gün üçin ýagşy işleri amal eden at-abraýly adamlaryň ençemesiniň göbek ganynyň daman hem-de önüp-ösen gadymy obalaryň biridir. Şolaryň biri hem halk arasynda meşhur bolan Maşa pälwandyr. Abraýly pälwan hakynda maglumat toplamak ugrunda iki ýyla çeken gözleglerimiz Garagum sährasynyň Bükriöleň obasynda önüp-ösüp, toý pälwany bolan we häzirki wagtda Artyk obasynda ýaşap, toýlarda bekewülçilik edýän Kulyş baýyň ogly Baýsähediň ýanyna eltdi. Ol hem 1954-nji ýylda Garagum sährasynyň Göbekli obasynda doglup, ençeme toýlarda ýany ýere degmedik we häzirki wagtda Herrikgala ýaşaýyş toplumynda oturýan Gul ogly Momma pälwana (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) ýüz tutmagymy maslahat berdi. Onuň salgy bermegi bilen, Aşgabat şäheriniň Şor-Garadamak ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan Maşa pälwanyň agtygy Nurmuhammedi we Amangeldi pälwanyň (halk arasynda tanalýan ady Gök pälwan) neslinden bolan Çaryýar agany tapyp, Maşa pälwanyň ömür ýoly hakynda gyzykly maglumatlary toplamak miýesser etdi. Maşa pälwan 1890-njy ýylda Sähet Garanyň maşgalasynda üçünji oglan bäbek bolup dünýä inýär. Ýagyş-ýagmyrly günde dünýä gelen oglanjygyň gulaklaryna azan aýtdyryp, maksat-myradyna ýetsin diýip, Nurmyrat adyny dakýarlar. Nurmyrat öz doganlary Ýazmyrat, Mommat we Berdinyýaz dag

Mähir siňen sungat

Türkmen halky zenan maşgalalaryna hemişe hormat goýup, gelin-gyzlarynyň el işlerini sarpalap gelipdir. Öz durmuşyna ýaran bolup gelen milli gymmatlyklar hasaplanylýan el işlerde halkymyzyň durky-dünýäsiniň mähribanlygy bardyr.  Mähir siňdirilen sungatlaryň her biri türkmen halkynyň durmuşynyň bir parçasydyr. Yhlas bilen ýapyşylyp, ýürek mähri siňdirilen el işlerinde deňsiz-taýsyz gözellik bardyr we olar gaýtalanmajak sungat eseridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip bellemegi alajalaryň, onda-da düýe ýüňünden taýýarlanan alajalaryň adamlaryň durmuşynda ähmiýetiniň uly bolandygyny görkezýär. Täze gelne, täze dünýä inen bäbejige alajabaglary ýörite taýýarlap dakmaklary hem durmuşymyzyň mirasy ýörelgesidir we yrylmaz yrymydyr. Inçe we nepis iş hasap edilýän alajabaglaryň görnüşleri örän köpdür. Ýönekeý ak we gara sapakdan hem nagyşlanan ýaly alajalar taýýarlanýar. Milli el keşdelerde hem alaja nagyşlar aralanyp salynýar. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp el işleriniň biri bolan alajalar inçe sungat bolmak bilen birlikde, örän gadymydyr. Halkymyz öz ak öýüni gurnanda hem dürli hili alajabaglary bilen berkidipdir. Sallançak bagyny owadanlap, işip hem örüp taýýarlan türkmen zenanlary öýüň güneşi bolan bäbejigiň gundak bag

Keçe

Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň hem orny uludyr. Türkmen zenanlarynyň yhlasa ýugrulan zähmeti bilen taýýarlanylýan keçe we keçe önümleri milli amaly-haşam sungatymyzyň täsin gudraty hasaplanylýar. Dürli görnüşli keçe nagyşlary halkymyzyň milli aýratynlyklaryny öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Goýnuň saýmaga has ýaramly bolan güýzlük ýüňi  keçe üçin peýdalanylýar. Keçeler dürli görnüşlerde bolýar. Gülli keçe, ak keçe, durluklyk, üzüklik keçeler we başgalar. Keçeden çopan ýapynjalary, at keçeleri — ýapynjalary, düýe halyklary edilýär. Arheologik maglumatlardan belli bolşy ýaly, çarwa taýpalarynyň durmuşynda keçe halydan öň peýda bolupdyr. Halyçylygyň taryhynyň öz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňki V-IV ýüzýyllyklardan alyp gaýdýandygy taryhy maglumatlardan mälim bolsa, keçäniň ýüze çykmagy ondan hem irki döwürlere degişlidir. Keçe we haly önümlerine salynýan nagyşlardaky umumylyk türkmeniň milli köklerini yzarlamaga ýardam edýär. Gadymy döwürlerden bäri haly-keçe önümlerini dokapdyrlar.

«Başy tylladan egmeli»

Nusgawy türkmen şahyry Magrupynyň «Kanda bolar» atly goşgusyndan alnan bu setirde türkmen gözelleri ýokary çeperçilik derejesinde wasp edilýär. Bu ýerde gürrüň türkmen gyzlarynyň başgaby we onuň bezegi bolan tylladan ýasalan egme barada barýar. Egme ýurdumyzyň käbir ýerlerinde zenanlaryň börüginiň öňüne dakylýan tutuş uly şaýdyr. Şeýle bezeg şaýlary diňe onuň bilen hem çäklenmeýär. Halkymyz gadymy döwürlerden başlap, perzentlerini eý görüşleri ýaly, olary owadan şaý-sepler bilen hem bezäpdirler. Bu meselä gyzlar babatynda 9-12 ýaşlarynda has ýakyndan üns berlipdir. Gyz maşgalalaryň bezeg şaýlarynyň arasynda tahýalaryň we börükleriň depelerine dakylýan gupbalar aýratyn orunda durýar. Aşagy güberçek, ýokary çürelip gidýän şelpeli kümüş şaýy gyzlaryň owadan başgaplaryna bezeg berýär. Türkmen topragyna XVIII-XIX asyrlarda gelen daşary ýurtlular şol gupbalara dürli guşlaryň ýelekleriniň berkidilendigini belläpdirler. Munuň üçin hüwiniň ýa-da baýguşuň ýeleklerini ulanypdyrlar. Amyderýanyň orta akymynda ýaşaýan türkmen gyzlarynyň tahýalaryna bolsa laçynyň ýeleklerini berkitmek ýörgünli bolupdyr. Eger gyzyň tahýasynda ýelek ýok bolsa, onda oňa gudaçylygyga barlyp, söz aýdylandygyny aňladypdyr. Adatça, tahýalaryň ähli ýerine bezeg şaýlary, aşaklygyna bolsa owadan şelpeler dakylypdyr. Olar başgaplara özboluşly bezeg berip, gyzlaryň gözelligine gözellik goşupdyr. Türkmen zenanlarynyň baş

Tymsallar

Dil ýarasy Bir gezek aýyny awçy dosty öýüne myhmançylyga çagyrypdyr. Aýynyň daşky keşbini halamadyk öý bikesi bu barada myhmana ýaňzydypdyr. Aýy kemsidiji sözlerden öýkeläp, ol öýi terk edipdir. Bu gelşiksiz wakadan ep-esli wagt geçenden soňra iki dost tokaýda gabatlaşypdyrlar. Şonda aýy dostuna: «Meni urup, kelläme ýara sal!» diýipdir. Awçy hernäçe boýun gaçyrsa-da, aýy özelenip haýyş edipdir. Bolmajagyny bilenden soňra awçy aýa el göterip, ony ýaralapdyr. Mundan ýene biraz wagt geçenden soňra olar tokaýda duşuşypdyrlar. Şonda aýy: «Meniň kelläme nazar aýla! Görseň, maňa salan ýaraň bireýýäm bitendir. Ýöne seniň aýalyň söz bilen salan ýarasy henizem ýüregimde otyr» diýipdir.

Zer gadyryny zergär biler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde ruhy seždegähimiz Magtymguly atamyzyň “Berkarar döwlet istärin” diýen ganatly arzuwy amala aşdy. Gündogaryň beýik akyldary hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň dünýä hakydasy atly maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi, Türki dilli döwletleriň halkara medeni guramasynyň karary bilen “2024-nji ýylyň Halkara Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyrylýandygy baradaky şatlykly habarlar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Garaşsyz eziz Diýarymyzy gurşap alan şatlykly habarlary eşidenimde, geçen asyryň ahyrky ýyllarynda özüniň bütin ömrüni şeýle guwançly waka garaşyp, aramyzdan bakyýete giden bir mährem ýazyjynyň nurana keşbi biygtyýar göz öňümde janlandy. Men ýazyjy dostumyz Amanny Ataýewi ýönelige ýatlamadym. Çünki, “Zer gadyryny, zergär biler.” diýilişi ýaly, ol Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky janköýeridi. Has dogrusy, akyldar şahyryň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň çyn aşygydy.

Mirasa öwrülen mirasgär

Şahsy arhiwimde agam Aşyrberdi Kürtden miras galan ýazgylar bar. Saralyp giden kagyz bukjalara ýerleşdirilen ýazgylaryň arasynda mirasgär Ümür Eseniň dürli ýyllarda metbugat neşirlerinde çap bolan makalalary jemlenip goýlupdyr. Ýazgylary her gezek okanymda, Ümür aganyň keşbi göz öňüme gelýär. Bir mahallar ol şägirdi, häzir özi halypalyga ýeten mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň telegörüjileriň mydamalyk ýadynda galan «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşiginde kän çykyş ederdi. Onuň gözlerini ýumup, ellerini özboluşly hereketlendirip çykyş etmesi, aýdýan wakasyny, rowaýatlaryň many-mazmunyny çeperçilik bilen gürrüň berşi häzirem ýadymda. 2005-nji ýyldy. Ol wagtlar häzirki «Zenan kalby» žurnalynda işleýärdim. Bir gün redaksiýada kompýuteriň başynda hat ýazyp otyrdym. Gapydan salam berip, Ümür aga geldi. «Giriberiň, ýaşuly. Bölümde gyzlar bardyr» diýip, iş otaglaryň birine elimi uzatdym. Ýarym sagada golaý oturyp, hat ýazyp boldum-da, bölüme bardym. Ümür aga maňa:

Dograma — adyllyga eýlenen tagam

Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň diňe bir edim-gylymlary, ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary däl, eýsem, beýleki halklaryňka meňzemeýän özboluşly milli aýratynlyklaryna eýe bolan tagamlary hem az däl. Şolaryň naýbaşylarynyň biri bolsa türkmen dogramasydyr. Esasan toýda, märekede köpçülik üçin taýýarlanylýan, kähalatlarda söwüş edilip, öýde kellebaşaýak atarylsa, maşgala agzalary tarapyndan hem uly höwes bilen dogralýan dogramanyň tarypyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Dogramanyň döreýşi

Gadymy we müdimi senet

«Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda Halkymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem milli lybaslarymyzdyr. Medeniýetimiziň genji-hazynasyny düzýän, mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýan milli lybaslarymyz halkymyzyň çeper döredijiliginiň nepis gözelliklerini özünde jemleýär. Egin-eşikler howanyň şertlerine, ýaş aýratynlygyna, gündelik durmuş, şeýle hem toý däplerine laýyklykda taýýarlanylypdyr. Olar milli çeper-bezeg sungatynyň kämil nusgasy bolan keşdeler bilen keşdelenip, has gözel görnüşe eýe bolupdyr. Şeýlelikde, müňlerçe ýyllaryň tejribesi esasynda geýinmegiň medeniýeti döräpdir. Gadymy däplerine-dessurlaryna ygrarly halkymyz milli geýim-gejimleri taýýarlamagyň we geýinmegiň medeniýetini hem arkama-arka dowam etdirip, ýokary derejä ýetiripdir.

Belent ynam täze üstünliklere ruhlandyrýar

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, munuň özi halkara jemgyýetçilik tarapyndan hem ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar Watanymyzyň geljegi ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlara baglydyr. Hut şonuň üçin-de, ýaşlar syýasaty döwlet derejesinde alnyp barlyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi, hususan-da, üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň näderejede üns-alada bilen gurşalandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistan – bagtly Çagalygyň ýurdy

Bagtyýarlyk köptaraply, öwüşgine baý we giň mazmuna eýe düşünjedir. Ony her kim özüçe göz öňüne getirýär, onuň ölçeglerini özüçe kesgitleýär. Täze taryhy eýýamyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy çagalaryň şadyýan gülki seslerinde, ýurdumyzyň abadançylygynda, halkymyzyň bol-elin durmuşynyň mysalynda şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiz hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň daýanjy, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Çalasynlygy we ugurtapyjylygy ösdürýän oýun

Hepdäniň şenbe güni agşamara agtyklarym aşyk torbasy bilen ýanyma gelip: «Ata, köp aşyklarym bar. Gel, aşyk oýnaly!» diýip, torbanyň içindäki aşyklaryny halyň üstüne oklady. Men hem dürli görnüşdäki aşyklary goşawujyma alyp, ýuwaşlyk bilen ikiýana şagyrdadyp, agtyklarym bilen aşyk oýnunyň haýsy görnüşini oýnajagym barada pikirlenip, oglanlyk döwrümiziň ýatlama girdabyny gulaçlap ýüzmäge başladym. Çaga wagtlarymyz deň-duş oglanlarymyz bilen hojalyk işlerinden elimiz sypyndygy aşyk oýnamaga mähetdel bolardyk. Ol döwürler aşygam bol däldi. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy ýadygärlikler bolan Änewde, Altyndepede, Namazgadepede, Garadepede we beýleki ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýylmanak aşyklaryň, kenekleriň, topazlaryň we şuňa meňzeşleriň tapylmagy aşyk oýnunyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Gyzyklylygy, özüne çekijiligi, ähmiýeti, şonuň ýaly-da, ýönekeýligi taýdan aşyk oýny beýleki milli oýunlardan has tapawutlanýar.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Men bu suraty obadaşym, 1970-nji ýyllarda çeper höwesjeňler toparynda tar çalan Tagan Allamyradowdan aldym. Taganyň gürrüň bermegine görä, 1972-nji ýylda Moskwa şäherinde halk döredijilik toparlarynyň Bütinsoýuz festiwaly geçirilýär. Şol festiwala gatnaşmak üçin Tejen etrabynyň Täze oba geňeşliginiň çeper höwesjeňleri çakylyk alýarlar. Zehinli ýaşlar Moskwa ugramazynyň öň ýanynda Aşgabadyň gözel künjeklerine aýlanyp, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşüpdirler. Festiwalda olar «Bag içinde», «Hemrahym» atly sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirip, sylag-hormata mynasyp bolupdyrlar.